26-njy awgustdan 68-nji «Bagyr – Altyn asyr gündogar bazary» ugry üýtgedilip we bu ugur boýunça awtobuslaryň «Bagyr» belleniş nokadyndan ugrap, Görogly köçesi bilen hereket edip, Döwletli köçesinden (Gurtly ýaşaýyş toplumyna) Gurbansoltan eje şaýolyna tarap hereketini dowam edip, Taslama köçesi bilen Magtymguly şaýolyndan, A.Nyýazow şaýolynyň ugry bilen «Altyn asyr gündogar bazaryna» barýar. Bu barada «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň resmi saýtynda habar berildi.
«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň resmi saýtynda şeýle bildiriş ýerleşdirilipdir:
«Hormatly ýolagçylar!
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy tarapyndan, ilatymyzyň awtomobil gatnamalaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmak, awtomobil ulaglarynda ýolagçylaryň ýokary hilli gatnadylmagyny, olara medeniýetli hyzmat edilmegini gazanmak maksady bilen, 2023-nji ýylyň 26-njy awgustyndan 68-nji «Bagyr-Altyn asyr gündogar bazary» ugry üýtgedilip ýola goýulýandygy we bu ugur boýunça awtobuslar «Bagyr» belleniş nokadyndan ugrap, Görogly köçesi boýunça hereket edip, Döwletli köçesinden (Gurtly ýaşaýyş toplumyna) Gurbansoltan eje şaýolyna tarap herekedini dowam edip, Taslama köçesi bilen Magtymguly şaýolyndan, A.Nyýazow şaýolynyň ugry bilen «Altyn asyr gündogar bazaryna» barýandygy barada Siziň dykgatyňyza ýetirýäris» diýlip, habarda aýdylýar.