26-njy aw­gust­da türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow Ar­ka­dag şä­he­ri­niň gur­lu­şy­gy­nyň ikin­ji tap­gy­ryn­da bi­na edil­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýän des­ga­la­ryň tas­la­ma­la­ry bi­len ta­nyş­dy we ola­ryň işi­ni döw­re­bap de­re­je­de alyp bar­mak bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­re ba­gyş­la­nan iş mas­la­ha­ty­ny ge­çir­di.
Ir bi­len türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow Ar­ka­dag şä­he­ri­ne gel­di. Bu ýer­de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zy Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýa­nyn­da­ky Ar­ka­dag şä­he­ri­niň gur­lu­şy­gy bo­ýun­ça döw­let ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy D.Ora­zow we Ar­ka­dag şä­he­ri­niň hä­ki­mi Ş.Dur­dy­ly­ýew gar­şy­la­dy­lar hem-de öň­de dur­ýan we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­tir­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di­ler.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz gu­rul­ma­gy me­ýil­leş­di­ril­ýän bi­na­la­ryň ýer­leş­jek ýer­le­ri­niň çyz­gy­la­ry we şe­kil tas­la­ma­la­ry bi­len ta­nyş­dy. Hu­su­san-da, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz Gurbanguly Berdimuhamedow mu­ze­ýiň gur­lu­şy­gy­na, onuň iç­ki be­zeg aý­ra­tyn­lyk­la­ry­na hem-de mil­li öwüş­gin­ler­de be­zel­me­gi­ne de­giş­li tas­la­ma­la­ry syn­lap, ýa­na­şyk ýer­le­ri­niň aba­dan­laş­dy­ryl­ma­gy­na, şeý­le hem mu­zeý­de mil­li gym­mat­lyk­la­ryň go­ýul­ma­gy bi­len bag­ly me­se­lä ün­si çe­kip, ola­ryň oý­la­ny­şyk­ly ýer­leş­di­ril­me­gi­ne aý­ra­tyn üns be­ril­me­li­di­gi­ni bel­le­di.
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýa­nyn­da­ky Ar­ka­dag şä­he­ri­niň gur­lu­şy­gy bo­ýun­ça döw­let ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy D.Ora­zow mu­ze­ýiň iç­ki be­zeg iş­le­rin­de ula­nyl­ma­gy me­ýil­leş­di­ril­ýän se­riş­de­ler, ola­ryň gör­nüş­le­ri hem-de bi­na­nyň yşyk­lan­dy­ryş ul­gam­la­ry ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Türk­me­nis­ta­nyň at ga­za­nan ar­hi­tek­to­ry Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz özü­niň top­lan baý tej­ri­be­si­ne la­ýyk­lyk­da, tä­ze bi­na­nyň be­zeg iş­le­ri­ne top­lum­la­ýyn esas­da çe­me­le­şil­me­li­di­gi­ni, şol bir wag­tyň özün­de onuň reňk aý­ra­tyn­lyk­la­ry­na mö­hüm äh­mi­ýet be­ril­me­li­di­gi­ni bel­le­di. Şeý­le hem türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri bi­na­nyň di­war­la­ry ba­bat­da bol­şy ýa­ly, onuň üçe­gi­niň be­ze­gi­ne-de tä­ze­çil usul­da çe­me­leş­me­giň wa­jyp­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Şun­da ugur­daş ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň ýaş mu­gal­lym­la­ry­nyň we ta­lyp­la­ry­nyň tek­lip­le­ri­niň, tä­ze­çil ga­ra­ýyş­la­ry­nyň ula­nyl­ma­gy­na mö­hüm äh­mi­ýet be­ril­me­li­dir di­ýip, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz Gurbanguly Berdimuhamedow aýt­dy.
Şeý­le hem Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy­na Ar­ka­dag şä­he­ri­niň gur­lu­şy­gy­nyň ikin­ji tap­gy­ryn­da bi­na edil­jek des­ga­la­ryň, hu­su­san-da, mu­ze­ýiň hem-de şä­he­riň Baş met­ji­di­niň iç­ki we daş­ky be­zeg iş­le­rin­de ula­nyl­ma­gy me­ýil­leş­di­ril­ýän mer­mer daş­la­ryň gör­nüş­le­ri gör­ke­zil­di.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz mer­mer daş­la­ryň mu­ze­ýiň we met­ji­diň di­war­la­ryn­da bol­şy ýa­ly, iç­ki sü­tün­le­riň be­zeg iş­le­rin­de hem ula­nyl­ma­ly­dy­gy­ny bel­läp, ola­ryň bi­na­gär­lik aý­ra­tyn­lyk­la­ry­na mö­hüm üns be­ril­me­li­di­gi­ni tab­şyr­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedowa mu­ze­ýiň bas­gan­çak­la­ry­nyň we sü­tün­le­ri­niň gör­nüş­le­ri­niň tas­la­ma­la­ry­dyr çyz­gy­la­ry gör­ke­zi­lip, olar ba­ra­da gi­ňiş­le­ýin ha­sa­bat be­ril­di.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz her bir des­ga­nyň be­zeg iş­le­ri­niň öz­bo­luş­ly äh­mi­ýe­ti­ne la­ýyk gel­me­li­di­gi­ni, bi­na­da ýer­leş­di­ril­ýän hä­zir­ki za­man en­jam­la­ry­nyň ta­la­ba­la­ýyk or­naş­dy­ryl­ma­ly­dy­gy­ny, ola­ryň gö­ze ge­lüw­li­lik de­re­je­si­ne ze­rur üns be­ril­me­li­di­gi­ni aý­dyp, bu ba­bat­da bir­nä­çe öwüt-ün­dew­le­ri­ni ber­di.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz bu ýer­de gör­ke­zil­ýän tas­la­ma­lar bi­len ta­nyş­ly­gyň do­wa­myn­da şä­he­riň mu­ze­ýi­niň we Baş met­ji­di­niň daş­ky gör­nüş­le­ri­ne de­giş­li bir­nä­çe bel­lik­le­ri­ni aýt­dy. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, bu ugur­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler, bi­na­la­ryň ýa­na­şyk ýer­le­ri­niň aba­dan­laş­dy­ry­ly­şy dag ete­gin­de ýer­leş­ýän tä­ze şä­he­riň eko­lo­gi­ýa de­re­je­si­ne do­ly la­ýyk gel­me­li­dir.
Ar­ka­dag şä­he­rin­de baş met­ji­diň gu­rul­ma­gy­nyň türk­men hal­ky­nyň asyl­ly ýö­rel­ge­le­re yg­rar­ly­dy­gy­ny ala­mat­lan­dyr­ýan­dy­gy­ny aý­dyp, Mil­li Li­de­ri­miz äh­li gur­lu­şyk iş­le­ri­niň hä­zir­ki za­ma­nyň ösen ta­la­by­na la­ýyk de­re­je­de al­nyp ba­ryl­ma­ly­dy­gy­na ün­si çek­di hem-de gör­ke­zi­len tas­la­ma­la­ra kä­bir dü­ze­diş­le­ri­ni gi­ri­zip, ola­ry ýe­ri­ne ýe­tir­mek bo­ýun­ça bir­nä­çe gör­kez­me­le­ri ber­di.
Şeý­le hem Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy­na Kö­pet­da­gyň be­lent ge­riş­le­ri­niň bi­rin­de ýer­leş­di­ril­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýän Ar­ka­dag şä­he­ri­niň ady­nyň ýaz­gy­sy­nyň gör­nüş­le­ri gör­ke­zil­di. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz ola­ry syn­lap, ýaz­gy­nyň uzak­lar­dan gö­rün­me­li­di­gi­ni, onuň gö­ze ge­lüw­li, özü­ne çe­ki­ji bol­ma­ly­dy­gy­ny, aý­ra­tyn-da, ýaz­gy­nyň yşyk­lan­dy­ryş ul­ga­my­na hä­zir­ki za­ma­nyň ösen tej­ri­be­si­ne la­ýyk­lyk­da çe­me­le­şil­me­li­di­gi­ni bel­le­di.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz tä­ze şä­he­riň gur­lu­şy­gy­nyň ikin­ji tap­gy­ryn­da bi­na edil­jek des­ga­la­ryň tas­la­ma­la­ry bi­len ta­nyş­ly­gy­nyň do­wa­myn­da no­bat­da­ky tap­gyr­da, esa­san, se­na­gat-önüm­çi­lik top­lum­la­ry­nyň gur­lu­şy­gy­nyň me­ýil­leş­di­ri­len­di­gi­ni bel­le­di.
Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­myz­da sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­niň ber­ki­dil­me­gi­ne mö­hüm üns be­ril­ýän­di­gi­ni na­za­ra alyp, Ar­ka­dag şä­he­ri­niň ikin­ji tap­gy­ry­nyň des­ga­la­ry­nyň gur­lu­şy­gyn­da eko­lo­gi­ýa me­se­le­le­ri­ne uly üns be­ril­me­li­di­gi­ni bel­le­di.
Tä­ze şä­her­de döw­re­bap luk­man­çy­lyk se­riş­de­le­ri­niň, sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­na de­giş­li en­jam­la­ryň önüm­çi­li­gi bo­ýun­ça hä­zir­ki za­man se­na­gat top­lum­la­ry­nyň gur­lu­şy­gy me­ýil­leş­di­ril­di. Aý­ra­tyn-da, türk­men top­ra­gyn­da bit­ýän ösüm­lik­ler­den luk­man­çy­lyk se­riş­de­le­ri­niň taý­ýar­la­nyl­ma­gy­na ze­rur üns ber­ler. Mu­nuň özi, bi­rin­ji­den, taý­ýar­la­nyl­ýan se­riş­de­le­riň özü­ne düş­ýän gym­ma­ty­ny pe­seld­ýär, ikin­ji­den bol­sa olar yn­san sag­ly­gy üçin peý­da­ly­dyr.
Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, Ar­ka­dag şä­he­ri­niň ikin­ji tap­gy­ry­nyň çäk­le­rin­de, sag­ly­gy go­ra­ýyş, ýe­ňil we azyk se­na­ga­ty ul­gam­la­ry­na de­giş­li des­ga­la­ry gur­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär, olar iri top­lum­lar bo­lar. Türk­me­nis­ta­nyň at ga­za­nan ar­hi­tek­to­ry, alym Ar­ka­da­gy­myz des­ga­la­ryň gur­lu­şy­gyn­da hä­zir­ki za­ma­nyň ösen tej­ri­be­si­niň ula­nyl­ma­ly­dy­gy­ny, gur­lu­şyk se­riş­de­le­ri­niň hi­li­ne we eko­lo­gi­ýa de­re­je­si­ne aý­ra­tyn üns be­ril­me­li­di­gi­ni nyg­ta­dy. Şun­da se­na­gat des­ga­la­ry­nyň daş­ky gur­şa­wa ýa­ra­maz tä­si­ri­niň öňi alyn­ma­ly­dyr.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz bu ýer­de Ar­ka­dag şä­he­ri­niň çä­gin­de gu­rul­ma­gy me­ýil­leş­di­ril­ýän Türk­me­nis­ta­nyň Fut­bol fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň bi­na­sy­nyň ýer­leş­jek ýe­ri­ni kes­git­läp ber­di.
Ekil­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýän bag­la­ryň we gül­le­riň gör­nüş­le­ri­ne mö­hüm äh­mi­ýet be­ril­me­li­dir, se­ýil­gäh zo­lak­la­ry­nyň dö­re­dil­me­gi mö­hüm we­zi­pe hök­mün­de kes­git­le­nil­me­li­dir di­ýip, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz bel­le­di we bu ba­bat­da de­giş­li ýol­baş­çy­la­ra al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­ri yzy­gi­der­li gö­zeg­çi­lik­de sak­la­ma­gy tab­şyr­dy.
Soň­ra türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gurbanguly Berdimuhamedow tä­ze şä­he­riň hä­kim­li­gi­niň mas­la­hat­lar za­ly­nyň en­jam­laş­dy­ry­ly­şy, onuň be­zeg aý­ra­tyn­lyk­la­ry bi­len ta­nyş­dy. Bu ýer­de dür­li de­re­je­dä­ki mas­la­hat­la­ry we hal­ka­ra äh­mi­ýet­li fo­rum­la­ry ge­çir­mek üçin äh­li ze­rur şert­ler dö­re­dil­me­li­dir. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz za­lyň en­jam­laş­dy­ry­ly­şy­na, onuň san­ly ul­gam bi­len üp­jün­çi­li­gi­ne, yşyk­lan­dy­ryş de­re­je­si­ne aý­ra­tyn üns be­ril­me­li­di­gi­ni nyg­ta­dy we bu ba­bat­da bir­nä­çe gör­kez­me­le­ri ber­di.
Soň­ra Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýa­nyn­da­ky Ar­ka­dag şä­he­ri­niň gur­lu­şy­gy bo­ýun­ça döw­let ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy D.Ora­zo­wyň hem-de Ar­ka­dag şä­he­ri­niň hä­ki­mi Ş.Dur­dy­ly­ýe­wiň gat­naş­ma­gyn­da iş mas­la­ha­ty­ny ge­çir­di.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz şä­he­riň ikin­ji tap­gy­ryn­da gu­rul­ma­gy me­ýil­leş­di­ril­ýän des­ga­lar bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň ýo­ka­ry hi­li­ni üp­jün et­me­giň ze­rur­dy­gy­na ün­si çe­kip, sag­lyk, azyk we beý­le­ki mak­sat­ly des­ga­la­ryň hem-de bi­na­la­ryň gur­lu­şy­gy­ny yzy­gi­der­li gö­zeg­çi­lik­de sak­la­mak bi­len, ola­ryň gö­ze ge­lüw­li­li­gi­ne, önüm­çi­lik kuw­wat­ly­ly­gy­na uly äh­mi­ýet be­ril­me­li­di­gi­ni nyg­ta­dy.
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýa­nyn­da­ky Ar­ka­dag şä­he­ri­niň gur­lu­şy­gy bo­ýun­ça döw­let ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy D.Ora­zow hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň dö­re­dip ber­ýän ägirt uly müm­kin­çi­lik­le­ri­niň ne­ti­je­sin­de şä­her­gur­lu­şyk iş­le­ri­niň üs­tün­lik­li al­nyp ba­ryl­ýan­dy­gy, gu­rul­ýan des­ga­la­ryň hal­ka­ra ül­ňü­le­re do­ly la­ýyk gel­ýän­di­gi we döw­re­bap en­jam­lar bi­len en­jam­laş­dy­ryl­ýan­dy­gy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz gur­lu­şyk­la­ryň dep­gi­ni­ni bir­jik-de gow­şat­ma­ly däl­di­gi­ni, bu we­zi­pä örän jo­gap­kär­li çe­me­le­şil­me­li­di­gi­ni, hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar­ly­gy we aba­dan­çy­ly­gy ug­run­da äh­li ta­gal­la­la­ry gaý­gyr­man, şol iş­le­re yzy­gi­der­li gö­zeg­çi­lik et­me­giň ze­rur­dy­gy­ny bel­le­di.
Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Ar­ka­dag şä­he­ri­niň ikin­ji tap­gy­ry­nyň çäk­le­rin­de gu­rul­ma­gy me­ýil­leş­di­ril­ýän se­na­gat des­ga­la­ry­nyň daş­ky gur­şa­wa zy­ýan ýe­tir­mez­den, eko­lo­gi­ýa howp­suz­ly­gy­na de­giş­li bir­nä­çe gör­kez­me­le­ri ber­di hem-de ön­dü­ril­jek önüm­le­riň ýo­ka­ry hil­li bol­ma­ly­dy­gy­ny, mu­nuň bol­sa ýur­du­my­zyň eks­port kuw­wa­ty­nyň art­dy­ryl­ma­gy­na ýar­dam et­jek­di­gi­ni bel­le­di.
Ar­ka­dag şä­he­ri­niň hä­ki­mi Ş.Dur­dy­ly­ýew Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za hem-de Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­za şä­he­riň äh­li ýa­şaý­jy­la­ry­nyň adyn­dan bag­ty­ýar dur­muş­da ýa­şa­ma­ga dö­re­di­len şert­ler üçin ho­şal­lyk bil­dir­di. Wa­tan­daş­la­ry­my­zyň en­çe­me­si döw­re­bap ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­na gö­çüp gel­di­ler. Şol öý­ler­de dur­muş ze­rur­lyk­la­ry­nyň äh­li­si göz öňün­de tu­tu­lan­dyr.
Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri ýur­du­my­zyň dün­ýä­dä­ki sport ab­ra­ýy­nyň ýyl-ýyl­dan ýo­kar­lan­ýan­dy­gy­ny bel­läp, tä­ze şä­her­de iri hal­ka­ra sport ýa­ryş­la­ry­ny, tür­gen­le­şik­le­ri ge­çir­mek ug­run­da äh­li ze­rur şert­le­riň dö­re­dil­me­li­di­gi­ni nyg­ta­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow 2023-nji ýy­lyň 23 — 28-nji no­ýab­ry ara­ly­gyn­da Aş­ga­bat­da­ky Olim­pi­ýa şä­her­çe­si­niň Ba­şa-baş sö­weş sun­ga­ty sport top­lu­myn­da Ku­raş bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­ty­ny ge­çir­mek ha­kyn­da de­giş­li Ka­ra­ra gol çek­di. Bu iri ýa­ry­şa gat­naş­jak türk­men tür­gen­le­ri­ne Ar­ka­dag şä­he­rin­de ýo­ka­ry de­re­je­de tür­gen­le­şik geç­mek­le­ri üçin müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­me­li­dir di­ýip, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz aýt­dy hem-de bu iş­le­re örän jo­gap­kär­çi­lik­li çe­me­leş­me­gi tab­şyr­dy.
Soň­ra Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz Ar­ka­dag şä­he­ri­ne bar­ýan şa­ýo­luň ug­run­da, ýag­ny Kö­pet­da­gyň ete­gin­de ýer­leş­ýän Po­lat­ly mo­nu­men­ti­niň tö­we­re­gin­de sak­lan­dy. Bu ýer­de dag be­lent­li­gin­de ýer­leş­di­ril­jek Ar­ka­dag şä­he­ri­niň ady­nyň ýaz­gy­sy­nyň şe­kil tas­la­ma­la­ry gör­ke­zil­di. Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri tas­la­ma­lar bo­ýun­ça gur­lu­şyk ba­bat­da öz baý tej­ri­be­si­ne sal­gy­la­nyp, des­ga­lar­da we beý­le­ki ýer­ler­de ýer­leş­di­ril­ýän ýaz­gy­la­ra, gö­ze ge­lüw­li we döw­re­bap gör­nüş­de bol­jak gi­je­ki yşyk­lan­dy­ryş ul­ga­my­na de­giş­li bir­nä­çe mas­la­hat­la­ry­ny ber­di.
Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow bu iş­ler­de hä­zir­ki za­ma­nyň ösen teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­na esas­la­nyl­ma­ly­dy­gy­ny bel­le­di we hem­me­le­re alyp bar­ýan iş­le­rin­de üs­tün­lik­le­ri ar­zuw edip, bu ýer­den ug­ra­dy.