1728-nji ýylyň 29-njy awgustynda häzirki wagtda Grenlandiýanyň paýtagty bolan Nuuk şäheriniň (dança Gothob) düýbi tutulýar. Şäheriň dança ady bolan “Gothob” sözi “ýagşy umyt” diýmegi aňladýar. Şol döwürde Daniýanyň we Norwegiýanyň patyşasy Frederik IV tarapyndan Grenlandiýanyň gubernatory wezipesine bellenen Klaus Paars bu ýere birnäçe ýaşaýjyny göçürip getirýär. Geografik taýdan Demirgazyk Amerikada ýerleşýän hem bolsa, dünýäniň iň uly adasy hasaplanýan Grenlandiýa Ýewropa ýurdy bolan Daniýa degişlidir. Awtonom sebitiň paýtagty hasaplanýan Nuukda 19 müňden gowrak adam ýaşaýar. Bu görkeziji Grenlandiýanyň ilatynyň üçden birini emele getirýär. Şeýle hem Nuuk adanyň medeni we ykdysady merkezi hasaplanýar. Şäher özüne iň ýakyn Ýewropa paýtagty bolan Reýkýawikden (Islandiýa) 1430 kilometr, Kanadanyň Ikualit şäherinden 818 kilometr uzaklykda ýerleşýär.