Şu ýyl bütin dünýäde, şol sanda Ýewropa ýurtlarynda birnäçe gezek yssy howa rekord derejä ýetdi, guraklyk sebäpli derýalaryň we kölleriň suwy azaldy, halk suwy tygşytly ulanylmaga çagyryldy. Şeýle-de bolsa Şweýsariýanyň Sermatt sebitinde howanyň temperaturasy birküç günde 30 dereje peselip, gar ýagdy. Bu ýagdaý ýerli ýaşaýjylary geň galdyrdy. Ýurduň Federal meteorologiýa we klimatologiýa edarasy (MeteoSwiss) deňiz derejesinden 1638 metr belentlikdäki bu daglyk sebitde gar ýagandygyny habar berdi. 24-nji awgust güni sebitde termometrler 31,2 derejäni görkezipdi. Şol gün ýurtda şu ýylyň iň yssy güni hem hasaba alnypdy – paýtagt Ženewada howanyň temperaturasy 38 derejä ýetipdi. 28-nji awgust güni irden bolsa termometrler 0,5 derejäni görkezdi. MeteoSwiss Şweýsariýanyň Alp daglarynyň 2000-2400 metr belentlikdäki ýerlerinde garyň we ýagşyň ýagyp biljekdigini habar berdi.
Ýurduň günortasyndaky Tiçino kantonynda bolsa, geçen hepdäniň ahyryndan bäri güýçli ýagyn ýagdy. Ýurduň bütin çäginde ýagyş ýagmagyna garaşylýandygy mälim edildi.