Elektroulaglary öndürýän kompaniýalaryň sany we kysymlary artýan hem bolsa, diňe bu ugurda iş alyp barýan “Tesla” öňdeligi eýelemegini dowam etdirýär. Hytaýyň “Xpeng” kompaniýasynyň bolsa bu ugurda öňdeligi eýelemegine garaşylýar. Kompaniýa elektroulag öndürýän “Didi” atly başga bir kompaniýany 774 million dollara satyn aldy. Mundan soňra “Didi” elektroulaglarynyň “Mona” ady bilen müşderilere ýetirilmegine garaşylýar. “Didi” we “Xpeng” kompaniýalary “akylly” elektroulaglaryň we olara degişli tehnologiýalaryň global derejesinde ulanylyşyny artdyrmak maksady bilen hyzmatdaşlyk ederler. Hyzmatdaşlygyň çäklerinde “Didi” elektroulaglary “Xpeng” kompaniýasyna degişli model hökmünde satuwa çykarylar. Şeýle hem hyzmatdaşlyk marketing, maliýe, zarýad infrastrukturasy we dünýä bazaryna çykarylmagy ýaly awtoulagyň öndürilmeginden müşderileriň ulamagyna çenli ähli ugry öz içine alýar.
“Xpeng” önümçiliginiň artdyrmak üçin öňden bäri beýleki kompaniýalar bilen hyzmatdaşlyk edýär. Mundan ozal kompaniýanyň işläp taýýarlan tehnologiýasynyň “Volkswagen”-iň indi çykjak iki modelinden ulanyljakdygy mälim edilipdi.
Häzirki wagtda “Xpeng” elektroulag önümçiliginde öňdäki orunlary eýelemeýär. Emma täze gazanylan ylalaşyk bilen önümçiligiň görnetin artmagyna garaşylýar.