Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat mi­nistr­li­gi­niň “Türk­men­de­mi­rö­nüm­le­ri” döw­let kär­ha­na­sy­nyň we “Ül­ke” hu­su­sy kär­ha­na­sy­nyň hü­när­men­le­ri üs­tün­lik­li tej­ri­be ge­çir­di­ler. Tej­ri­bä­niň do­wa­myn­da Türk­men­ba­şy­da­ky ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wod­lar top­lu­myn­da ön­dü­ril­ýän ne­bit kok­sun­dan il­kin­ji ge­zek eme­li gra­fit alyn­dy. Tej­ri­be ge­çir­mek üçin Owa­dan­de­pe­dä­ki me­tal­lur­gi­ýa za­wo­dyn­da 5000 A-dan ýo­ka­ry tok­lar­da iş­le­mä­ge we ony pe­je ge­çir­mä­ge ukyp­ly ýö­ri­te trans­for­ma­tor peý­da­la­nyl­dy. Ýer­li çig mal­dan eks­pe­ri­men­tal des­ga – “Açe­so­nyň pe­ji” iş­le­nip dü­zül­di. Ol ho­wa­syz gur­şaw­da ne­bit kok­su­ny üç müň gra­dus­dan gow­rak gyz­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär.
Tej­ri­be des­ga­sy il­kin­ji önü­mi­ni ge­çen ýy­lyň ahy­ryn­da be­rip­di. Bar­lag­ha­na öl­çer­me­le­ri­niň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, peç­den al­nan ma­te­ri­al­la­ryň nus­ga­la­ry fi­zi­ki hä­si­ýet­le­ri bo­ýun­ça eme­li gra­fi­te la­ýyk gel­ýär. Al­nan nus­ga­la­ryň eta­lon elekt­rod­lar bi­len de­ňeş­dir­me­si ge­çi­ril­di. Bu de­ňeş­dir­me hem önü­miň aras­sa­ly­gy­ny tas­syk­la­dy.
Tej­ri­bä­niň aw­tor­la­ry bu ugur­da kär­ha­na­la­ry dö­ret­me­giň teh­ni­ki-söw­da esas­lan­dyr­ma­sy­ny taý­ýar et­di­ler. Te­le­ke­çi­ler eme­li gra­fit we onuň esa­syn­da beý­le­ki önüm­le­ri – gra­fi­tir­le­nen elekt­rod­la­ry, gra­fit blok­la­ry, gra­fit çal­gy­la­ry, ýan­gy­na gar­şy dur­nuk­ly önüm­le­ri we beý­le­ki­le­ri ön­dür­mek bo­ýun­ça ýyl­lyk kuw­wa­ty 40 müň ton­na ba­ra­bar bo­lan ýo­ka­ry teh­no­lo­gik za­wo­dyň biz­nes-mo­de­li­ni iş­läp düz­dü­ler. Ätiýaçlyk ba­za­sy hök­mün­de ýer­li çig mal­la­ry – TNGIZT ta­ra­pyn­dan ön­dü­ril­ýän tap­la­nan ne­bit kok­su­ny we elekt­roe­ner­gi­ýa­ny ulan­mak tek­lip edil­ýär.
Eme­li gra­fit – öz­bo­luş­ly ma­te­ri­al­dyr. Elekt­rik we ýy­ly­lyk ge­çi­ri­ji­lik, ag­ras gur­şaw­la­ra we tem­pe­ra­tu­ra­la­ra gar­şy dur­nuk­ly­lyk, hi­mi­ki inert­li­lik bu ma­te­ria­ly yl­myň we teh­ni­ka­nyň köp ugur­la­ryn­da gym­mat­ly önüm ed­ýär. Ug­leg­ra­fit elekt­rod­la­ry al­ýu­min, hi­mi­ýa, po­lat ere­di­ji­lik we se­na­ga­tyň beý­le­ki pu­dak­la­ryn­da ula­nyl­ýar. Olar fer­rosp­law­la­ryň, reňk­li ma­te­ri­al­la­ryň, eme­li ab­ra­ziw­le­riň, kal­siý kar­bi­di­niň, fos­fo­ryň, hlo­ruň, ka­us­tik so­da­nyň we beý­le­ki­le­riň önüm­çi­li­gin­de peý­da­la­nyl­ýar.
2016-njy ýyl­da bu ha­ry­dy iber­ýän ýurt­la­ryň ha­ta­ry­na Hy­taý (dün­ýä im­por­tu­nyň 13,6 gö­te­ri­mi), Ma­laý­zi­ýa (12 gö­te­ri­mi), Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy (10,8 gö­te­ri­mi) we soň­ra bar­ha azal­ýan möç­ber­ler­de Ýa­po­ni­ýa, ABŞ, Ger­ma­ni­ýa, Fran­si­ýa, Hin­dis­tan, Bra­zi­li­ýa, Be­ýik Bri­ta­ni­ýa ýa­ly ýurt­lar gir­di.