Şu gün Türkmenistanyň ilkinji «akylly» şäheri — Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli umumy okuw sapagyny geçdi.
Gahryman Arkadagymyz, ilki bilen, bu ýere ýygnananlary ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynda möhüm orny eýeleýän Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2023-2024-nji täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, ýene-de sanlyja günlerden Türkmenistanyň Garaşsyzlygyna eýe bolanyna 32 ýyl dolýandygyny belledi.
Milli Liderimiziň 2023-2024-nji, täze okuw ýylynyň ilkinji gününde bagtyýar türkmen ýaşlaryna geçen umumy okuw sapagy çuňňur many-mazmuna baý bolup, bu ýere ýygnananlaryň her biriniň kalbynda ýakymly täsirleri galdyrdy hem-de olaryň baýramçylyk şatlygyny artdyrdy.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň bereketli güýz paslynyň ilkinji gününde — 1-nji sentýabrda bolup geçen bu taryhy duşuşygyň barşynda ýurdumyzda ähli ugurlarda alnyp barylýan giň gerimli işler hem-de möhüm durmuş meseleleri barada bellenilip geçildi.
Milli Liderimiziň parasatly sözleri, watançylyk we edermenlik baradaky öwüt-nesihatlary hemmetaraplaýyn kämil ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmäge ýardam edýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyşy şowhunly, dowamly el çarpyşmalar bilen garşylandy.
Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň elektron nusgasynda habar berilýär.