Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de yk­dy­sa­dy­ýe­tiň pu­dak­la­ry­ny ös­dür­mek bi­len bir ha­tar­da, ila­ty­myz üçin has oňaý­ly ýa­şa­ýyş we dynç alyş şert­le­ri­ni dö­ret­mek mak­sa­dy bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ka­ra­ra gol çek­di. Res­mi­na­ma la­ýyk­lyk­da, «Türk­men­hi­mi­ýa» döw­let kon­ser­ni­ne Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň Türk­men­ba­şy et­ra­by­nyň Guw­ly­ma­ýak şä­her­çe­sin­de ýa­şa­ýyş jaý­lar we bi­na­lar top­lu­my­nyň, şol san­da 4 gat­ly 6 sa­ny 32 öý­li, 4 sa­ny 40 öý­li we 2 sa­ny 60 öý­li ýa­şa­ýyş ja­ýy­nyň, 1 sa­ny 320 orun­lyk umu­my­bi­lim ber­ýän or­ta mek­de­biň, 1 sa­ny 120 orun­lyk ça­ga­lar ba­gy­nyň, 1 sa­ny söw­da we dynç alyş mer­ke­zi­niň tas­la­ma­sy­ny düz­mek hem-de ola­ry ýa­na­şyk ýer­le­ri aba­dan­laş­dy­ryp gur­mak ba­ra­da «Dür­li-ýaz» hu­su­sy kär­ha­na­sy bi­len şert­na­ma­ny, ýa­şa­ýyş jaý­lar we bi­na­lar top­lu­my üçin elekt­rik, ara­gat­na­şyk, gaz, suw üp­jün­çi­li­gi­niň we la­gy­myň meý­dan­ça­dan da­şar­ky el­ti­ji in­že­ner ul­gam­la­ry­ny hem-de des­ga­la­ry­ny gur­mak we umu­my­şä­her ul­ga­my­na bi­rik­dir­mek iş­le­ri­ni ýe­ri­ne ýe­tir­mek şer­tin­de bag­laş­ma­ga yg­ty­ýar be­ril­di.
Gur­lu­şyk iş­le­ri­ne 2023-nji ýy­lyň no­ýabr aýyn­da baş­la­mak hem-de ýa­şa­ýyş jaý­lar we bi­na­lar top­lu­my­ny 2026-njy ýy­lyň no­ýabr aýyn­da ulan­ma­ga do­ly taý­ýar edip tab­şyr­mak bel­le­nil­di.