31-nji awgustda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew hormatly Prezidentimize ussat daýhanlaryň, tejribeli hünärmenleriň, alymlaryň we mehanizatorlaryň gatnaşmaklarynda tejribe maslahatlaryny geçirmegiň hem-de il içinde hormatlanylýan ýaşulularyň gatnaşmaklarynda bugdaý ekişine başlamagyň senesini belläp, oňa ak pata bermek haýyşy bilen ýüzlendi.
Welaýatlarda pagta ýygym möwsümine başlamak boýunça görülýän taýýarlyk işleriniň çäklerinde pagta arassalaýjy kärhanalary we pagta kabul ediş harmanhanalaryny, pagta ýygýan kombaýnlary, pagta daşamakda ulanyljak awtoulaglary hem-de beýleki oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Ýurdumyzyň welaýatlarynyň toprak-howa şertlerine laýyklykda, ösdürilip ýetişdirilen gowaça hasylyny öz wagtynda ýygnap almak hem-de pagta ýygym möwsümini guramaçylykly geçirmek maksady bilen, wise-premýer döwlet Baştutanymyza ussat daýhanlaryň, tejribeli hünärmenleriň, alymlaryň we mehanizatorlaryň gatnaşmaklarynda tejribe maslahatlaryny geçirmegiň hem-de il içinde hormatlanylýan ýaşulularyň gatnaşmaklarynda pagta ýygymyna başlamagyň senesini belläp, oňa ak pata bermek baradaky haýyş bilen ýüzlendi.
Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daýhanlarymyzyň yhlasly zähmet çekip, ýerden bol hasyl almagy üçin döwletimiz tarapyndan zerur şertleriň döredilýändigini belledi.
Häzir gallaçy we pagtaçy daýhanlarymyz üçin örän möhüm we jogapkärli möwsüm bolan bugdaý ekişi hem-de pagta ýygymy ýetip geldi diýip, döwlet Baştutanymyz bu möwsümleri agrotehniki möhletlerde, guramaçylykly geçirmegiň uly ähmiýetiniň bardygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda 6-njy sentýabrda bugdaý ekişine girişmäge, şeýle hem Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda 9-njy sentýabrda, Daşoguz welaýatynda bolsa 15-nji sentýabrda pagta ýygymyna başlamaga ak pata berdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hormatly ýaşulularymyza bugdaý ekişini we pagta ýygymyny «Bismilla!» bilen başlap bermekleri baradaky haýyş bilen ýüzlendi.