31-nji aw­gust­da san­ly ul­gam ar­ka­ly ge­çi­ri­len Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň mej­li­sin­de Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry B.At­da­ýew Türk­me­nis­ta­nyň «EKS­PO—2023» hal­ka­ra ser­gi­si­ne gat­naş­ma­gy­na gö­rül­ýän taý­ýar­lyk ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Bu ser­gi Ka­ta­ryň paý­tag­ty Do­ha şä­he­rin­de 2023-nji ýy­lyň 2-nji okt­ýab­ry—2024-nji ýy­lyň 28-nji mar­ty ara­ly­gyn­da «Daş­ky gur­şa­wyň ha­ty­ra­sy­na ýa­şyl te­bi­gat» di­ýen şy­gar bi­len ge­çi­ri­ler.
Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, mil­li pa­wil­ýo­nyň daş­ky we iç­ki be­ze­gi bo­ýun­ça hö­dür­len­ýän tas­la­ma­lar hem-de onuň şy­ga­ry ba­ra­da ha­bar be­ril­di. Mun­dan baş­ga-da, myh­man­la­ra we bü­tin­dün­ýä ser­gi­si­ne gel­ýän­le­re gör­ke­zil­jek eks­po­zi­si­ýa­lar, ge­çi­ril­jek ta­nyş­dy­ryş çä­re­le­ri ba­ra­da aý­dyl­dy.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ha­sa­ba­ty diň­läp, Türk­me­nis­ta­nyň Hal­ka­ra ser­gi­ler býu­ro­sy­nyň ho­wan­dar­ly­gyn­da ge­çi­ril­ýän EKS­PO ser­gi meý­dan­ça­la­ryn­da öz müm­kin­çi­lik­le­ri­ni üs­tün­lik­li gör­kez­ýän­di­gi­ni bel­le­di. Nyg­ta­ly­şy ýa­ly, ýur­du­my­zyň ser­gi bö­lü­mi Wa­ta­ny­my­zyň tä­sin te­bi­ga­ty­ny, baý haý­wa­nat we ösüm­lik dün­ýä­si­ni, eko­lo­gi­ýa me­se­le­le­ri­ni çöz­mek­de ga­zan­ýan üs­tün­lik­le­ri­ni aý­dyň­lyk bi­len gör­kez­me­li­dir. Türk­men pa­wil­ýo­ny­nyň be­ze­gin­de mil­li äheň­le­ri we öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ry saz­la­şyk­ly ut­gaş­dyr­mak ze­rur­dyr di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz aýt­dy hem-de wi­se-prem­ýe­re öňü­miz­dä­ki bü­tin­dün­ýä ser­gi­si­ne göw­ne­jaý taý­ýar­lyk gör­mek üçin ze­rur iş­le­ri ge­çir­me­gi tab­şyr­dy.