Howanyň çyglylygynyň üýtgemegi, gije uzalyp, gündiziň gysgalmagy güýz paslyna mahsus alamatlar bolup, adamyň fiziki işjeňligine hem-de psihologiýasyna täsir edýär. Pasyl çalşygynda howanyň dowamly üýtgäp durmagy käbir nähoşluklaryň döremegine getirip bilýär. Şol sebäpli geçiş möwsüminde saglyk bilen bagly ýagdaýlara hem-de arassaçylyga yzygiderli üns bermeli. Güýz paslyny sagdyn geçirmek üçin, ilki bilen, dogry iýmitlenmeli, kadaly uklamaly, şeýle hem sport bilen meşgullanmaly.
Pasyl çalşygynda daşky gurşaw, ilki bilen, dem alyş ýoluna, derä we göze täsir edýär. Bu ýagdaý immunitetiň gowşamagyna, adamyň özüni ysgynsyz duýmagyna sebäp bolup bilýär. Dem alyş ýollarynda döreýän keseller güýz paslynda iň köp duş gelýän nähoşluklaryň biri bolup, keseliň alamatlary yssy howadan çygly howa şertine geçilmegi bilen düşündirilýär. Şonuň üçin bu möwsümde talabalaýyk geýinmek, antioksidantlara baý önümleri kabul etmek, güýzde ýetişýän injir, üzüm, nar, beýi ýaly miweleri iýmek örän möhümdir. Bal we süýt önümleriniň bedeniň gorag ulgamyny güýçlendirýändigini hem ýatdan çykarmaly däl.
Güýzde sport bilen meşgullanmagy dowam etdirmeli, ýöne howanyň üýtgemegi sebäpli aşa türgenleşmekden saklanmaly. Bedeniňizde agyry duýan halatyňyzda maşk etmegi bes etmeli. Howanyň arassa we güneşli günleri sport bilen meşgullanmak saglyk üçin zyýansyz bolup, howa şertine laýyklykda geýinmegi ýatdan çykarmaly däl.
Maral Täçmyradowa,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Iç keselleri boýunça diplomdan soňky taýýarlyk kafedrasynyň müdiri,
lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.