Güýz pas­ly­nyň gel­me­gi bi­len gün­diz­ gys­ga­lyp, gi­je uzap baş­la­ýar. Wag­tal-wag­tal ýa­gyn ýa­gyp, ho­wa bi­raz so­wa­ýar. Ha­syl ýyg­nal­ýan möw­sü­m bo­lan bu pa­syl­da bir­nä­çe te­bi­gy üýt­geş­me­ler bo­lup geç­ýär. Şo­la­ryň ha­ta­ry­na ýap­rak­la­ryň sa­ral­ma­gy­ny hem go­şup bi­le­ris. Eý­sem, ýa­şyl ýap­rak­la­ryň sa­ral­ma­gy nä­me bi­len bag­ly­ka?!
Te­bi­ga­tyň sa­ry do­na bü­ren­me­gi ýap­ra­gyň dü­zü­min­dä­ki hlo­ro­fil at­ly mad­da bi­len bag­ly­dyr. Hlo­ro­fil ýag­ty­ly­gy özü­ne siň­di­rip, ýap­rak­la­ryň reňk­li gö­rün­me­gi­ni üp­jün ed­ýär. Güýz pas­lyn­da Gün­den gel­ýän şöh­lä­niň pe­sel­me­gi bi­len hlo­ro­fi­liň önüm­çi­li­gi hem pe­sel­ýär. Ýa­şyl reň­ki ön­dür­mek üçin ýag­ty­lyk ýet­me­ýär. Şol se­bäp­li hlo­ro­fil­ler açyk reňk­le­ri – sa­ry, ça­lym­tyl, gyz­gylt reňk­le­ri ön­dü­rip baş­la­ýar­lar. Güýz pas­lyn­da ýap­rak­la­ryň «reňk­len­me­gi» di­ňe bir aga­jyň gör­nü­şi­ne bag­ly bol­man, eý­sem, ho­wa­nyň gyz­gyn­lyk de­re­je­si­ne, ýag­ty­ly­gyň dü­şü­şi­ne we top­ra­gyň çyg­ly­ly­gy­na hem bag­ly­dyr. Şo­nuň üçin şol bir aga­jyň ýap­ra­gy her ýyl dür­li reňk­de üýt­gäp bi­ler. Kä­bir agaç­la­ryň ýap­ra­gy bol­sa gy­zar­ýar. My­sal üçin, De­mir­ga­zyk Ame­ri­ka­da has köp ga­bat gel­ýän klýon to­kaý­la­ry güýz pas­lyn­da owa­dan gy­zyl man­za­ry eme­le ge­tir­ýär.
Ýap­rak­lar nä­me üçin düş­ýär?
Güýz pas­ly­nyň gel­me­gi bi­len agaç­lar köp muk­dar­da suw ýi­tir­ýär­ler. Agaç­lar gyş­da uka gid­ýän­di­gi se­bäp­li özü­ne ge­rek­li yz­ga­ry alyp bil­me­ýär­ler. Gyş­dan öň agaç­la­ryň ag­la­ba bö­le­gi­niň ýap­rak­la­ry düş­ýär. Ýap­ra­gyň tä­nen ýe­ri bol­sa, mum gat­la­gy bi­len ör­tül­ýär. Bu agaç­la­ryň so­wuk­dan özü­ni go­ra­ma­gy­nyň bir gör­nü­şi­dir. Suw dam­ja­la­ry­nyň so­wuk­da gi­ňel­ýän­di­gi se­bäp­li, ýap­ra­gyň öý­jük­le­ri ýa­ryl­ýar we fo­to­sin­tez üçin peý­da­syz bol­ýar. Su­wy ýap­ra­ga elt­ýän öý­jük­ler ýa­pyl­ýar hem-de ýap­ra­gyň sa­pa­jy­gy bi­len ony sak­la­ýan şa­ha­nyň ara­syn­da boş gat­lak (abs­si­ýa) ösüp baş­la­ýar. Abs­si­ýa ýap­rak­la­ryň ge­zek­li-ge­ze­gi­ne «ke­si­lip», ýe­re gaç­ma­gy­na hyz­mat ed­ýär. Ýu­waş­ja­dan ga­ýyp düş­ýän ýap­rak­la­ryň eme­le ge­tir­ýän owa­dan peý­za­žy güýz pas­ly­na mah­sus ha­dy­sa­la­ryň bi­ri­dir.
Siz haý­sy aga­jy ha­la­ýa­ňyz?
Türk­men top­ra­gyn­da tut, çy­nar, leý­li­saç, de­rek ýa­ly agaç­lar bi­len bir­lik­de, aka­si­ýa, ar­ça agaç­la­ry­nyň dür­li gör­nü­şi ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýär. Agaç­la­ryň dür­li gör­nüş­le­ri­niň ekil­me­gi eko­lo­gi­ýa­ny gowulandyrmak bi­len bir ha­tar­da, şä­her­dir oba­la­ryň gö­zel­li­gi­ne görk goşýar. Ýaz, to­mus pa­syl­la­ryn­da sal­kyn sa­ýa­sy bi­len ja­na ra­hat­lyk ber­ýän agaç­lar, güýz pas­lyn­da tyl­la­ýy ýap­rak­la­ra bes­le­nip, ada­myň ru­hu­ny gö­ter­ýär, te­bi­ga­ta bo­lan söý­gü­si­ni art­dyr­ýar. Eý­sem, siz sa­ry do­na bü­re­nen te­bi­gat­da ge­ze­lenç et­me­gi ha­la­ýa­ňyz­my? Si­ziň iň go­wy gör­ýän aga­jy­ňyz haý­sy? Bel­ki-de, ony si­ziň özü­ňiz eken­si­ňiz? Siz ýap­rak­lar­dan ger­ba­riý ýa­sap, ýa­kyn­la­ry­ňy­za sow­gat ber­me­gi ha­la­ýa­ňyz­my?