2-nji sent­ýabr­da türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal we­la­ýa­ty­nyň Bä­her­den et­ra­byn­da­ky «Arç­man» şy­pa­ha­na­syn­da bo­lup, onuň çä­gin­de gu­rul­ma­gy me­ýil­leş­di­ril­ýän we dur­ky tä­ze­len­ýän bi­na­la­ryň tas­la­ma­la­ry, şy­pa­ha­na­nyň be­je­riş dü­zü­mi­ni kä­mil­leş­dir­me­giň müm­kin­çi­lik­le­ri bi­len ta­nyş­dy. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz bu ýer­de dynç al­ýan­lar we sag­ly­gy­ny ber­kid­ýän­ler üçin dö­re­di­len şert­ler bi­len gy­zyk­lan­dy hem-de de­giş­li ýol­baş­çy­la­ryň gat­naş­ma­gyn­da iş mas­la­ha­ty­ny ge­çir­di.
Ir bi­len türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow di­ku­çar­da Bä­her­den et­ra­by­nyň çä­gin­de ýer­leş­ýän we sag­ly­gy go­ra­ýyş ba­bat­da hä­zir­ki za­man şy­pa­ha­na hyz­mat­la­ry­ny hö­dür­le­ýän «Arç­man» şy­pa­ha­na­sy­na ta­rap ugur al­dy.
Bi­raz wagt­dan Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň di­ku­ça­ry yn­san sag­ly­gy­ny ber­kit­mek­de mö­hüm orun eýe­le­ýän döw­re­bap şy­pa­ha­na­nyň çä­gin­de gon­dy.
Bu ýer­de Mil­li Li­de­ri­miz mä­hir­li gar­şy­la­nyl­dy.
Il­ki bi­len, luk­man Ar­ka­da­gy­myz «Arç­man» şy­pa­ha­na­sy­nyň şy­pa­ly suw­ly çeş­me­si­niň göz­ba­şy­na bar­dy. Köp ýyl­la­ryň do­wa­myn­da ýur­du­my­zyň sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­na ýol­baş­çy­lyk eden luk­man Ar­ka­da­gy­myz Gurbanguly Berdimuhamedow «Arç­man» şy­pa­ha­na­sy­nyň be­je­ri­ji­lik uky­by ýo­ka­ry de­re­jä eýe bo­lan mi­ne­ral su­wu­nyň adam be­de­ni­ne tä­si­ri ba­ra­da anyk mag­lu­mat­la­ryň üs­ti bi­len gi­ňiş­le­ýin gür­rüň ber­di. Şeý­le hem hor­mat­ly Ar­ka­da­gy­myz bu şy­pa­ha­na­nyň te­bi­gy aý­ra­tyn­lyk­la­ry, umu­man, bu kün­je­giň ýa­kym­ly ho­wa gur­şa­wy­nyň öz­bo­luş­ly­ly­gy ba­ra­da aý­dyp, onuň ägirt uly be­je­riş uky­by­nyň bar­dy­gy­ny bel­le­di we şy­pa­ha­na­nyň bar bo­lan müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ne­ti­je­li peý­da­lan­mak ba­bat­da de­giş­li ýol­baş­çy­la­ra bir­nä­çe gör­kez­me­le­ri ber­di.
Soň­ra Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz şy­pa­ha­na­nyň mi­ne­ral su­wu­ny iç­mek üçin ni­ýet­le­nen bö­lü­mi­ne bar­dy hem-de dynç al­ýan we sag­ly­gy­ny ber­kid­ýän adam­lar bi­len gör­şüp, ola­ryň sag­lyk ýag­daý­la­ry, bu ýer­de dö­re­di­len müm­kin­çi­lik­le­riň aý­ra­tyn­lyk­la­ry bi­len iç­gin gy­zyk­lan­dy. Şy­pa­ha­na­da bo­lup, sag­ly­gy­ny ber­kid­ýän adam­lar öz ara­la­ry­na ge­lip, adam­la­ryň al­ýan be­jer­gi­le­ri hem-de şy­pa­ha­na­nyň müm­kin­çi­lik­le­ri bi­len gy­zyk­la­nan­dy­gy üçin Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za tüýs ýü­rek­den çyk­ýan ho­şal­lyk söz­le­ri­ni aýt­dy­lar.
Luk­man Ar­ka­da­gy­myz bu bö­lü­miň çä­gi­ni gi­ňelt­mek, on­da sag­ly­gy­ny ber­kid­ýän adam­lar üçin äh­li ze­rur müm­kin­çi­lik­le­ri üp­jün et­mek me­se­le­le­ri­ne mö­hüm äh­mi­ýet ber­me­gi tab­şyr­dy. Şol bir wag­tyň özün­de, bö­lü­miň aba­dan­çy­lyk we aras­sa­çy­lyk ýag­da­ýy yzy­gi­der­li gö­zeg­çi­lik­de sak­lan­ma­ly­dyr. Bu ýer­de adam­la­ryň şy­pa­ly suw­dan iç­mek­le­ri, ola­ryň oňaý­ly dynç al­mak­la­ry üçin dö­re­dil­ýän şert­ler ýo­ka­ry hal­ka­ra gör­ke­zi­ji­le­re do­ly la­ýyk gel­me­li­dir.
Mä­lim bol­şy ýa­ly, «Arç­man» şy­pa­ha­na­syn­da gö­nü­den-gö­ni Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ta­gal­la­sy bi­len giň ge­rim­li iş­le­re ba­dal­ga be­ril­ýär. 2009-njy ýyl­da bu ýer­de 400 orun­lyk tä­ze bi­na gu­rul­dy. Şy­pa­ha­na 7 ki­lo­metr uzak­lyk­dan agyz su­wy çe­kil­di we giň ge­rim­li aba­dan­laş­dy­ryş iş­le­ri ýaý­baň­lan­dy­ryl­dy. Mun­dan baş­ga-da, şy­pa­ha­na­nyň çäk­le­rin­de Sag­lyk ýo­ly çe­kil­di. Bu bol­sa şy­pa­ha­na­nyň mel­hem su­wy bi­len be­je­ri­şiň spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bi­len ut­gaş­dy­ryl­ma­gy­ny üp­jün ed­ýär.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz «Arç­man» şy­pa­ha­na­sy­nyň şy­pa­ly suw bi­len be­je­riş bö­lü­mi­ne ba­ryp, bö­lü­miň en­jam­laş­dy­ry­ly­şy, on­da dö­re­di­len şert­ler we sag­ly­gy­ny ber­kid­ýän adam­la­ra bu ýer­de hö­dür­len­ýän sa­gal­dyş hyz­mat­la­ry­nyň gör­nüş­le­ri bi­len ta­nyş­dy. Bu bö­lü­miň en­jam­laş­dy­ry­ly­şy­ny hä­zir­ki döw­rüň ta­la­by­na la­ýyk ge­tir­mek bo­ýun­ça ze­rur ta­gal­la­la­ry et­me­gi tab­şy­ryp, luk­man Ar­ka­da­gy­myz bö­lü­miň dur­ku­ny düýp­li tä­ze­le­mek me­se­le­le­ri­ne ga­ra­ma­gyň wa­jyp­dy­gy­na ün­si çek­di.
Dynç al­ýan­lar Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za hem-de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowa ila­tyň sag­ly­gy­ny di­kelt­mek we ber­kit­mek ug­run­da dö­re­di­len şert­ler üçin tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­dir­di­ler, şeý­le-de olar luk­man Ar­ka­da­gy­my­za öz­le­ri bi­len ýa­dy­gär­lik su­ra­ta düş­me­gi­ni ha­ýyş et­di­ler.
Soň­ra Mil­li Li­de­ri­miz «Arç­man» şy­pa­ha­na­sy­nyň de­giş­li bi­na­la­ry­nyň dur­ku­ny tä­ze­le­mek we bu ýer­de hä­zir­ki za­man be­je­riş ul­ga­my­na de­giş­li bi­na­ny gur­mak bo­ýun­ça iş­le­nip taý­ýar­la­ny­lan şe­kil tas­la­ma­la­ry hem-de des­ga­la­ryň ýer­leş­jek ýer­le­ri­niň çyz­gy­la­ry bi­len ta­nyş­dy.
Bu ýer­de Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry N.Aman­ne­pe­sow şy­pa­ha­na­nyň çä­gin­de gu­rul­ma­gy me­ýil­leş­di­ril­ýän bi­na­la­ryň şe­kil tas­la­ma­la­ry, ozal bar bo­lan des­ga­la­ryň dur­ku­ny tä­ze­le­me­giň ugur­la­ry hem-de de­giş­li dü­züm­le­riň ýer­leş­ýän ýer­le­ri­niň çyz­gy­la­ry we bu ba­bat­da me­ýil­leş­di­ri­len iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň tab­şy­ry­gy­na la­ýyk­lyk­da, «Arç­man» şy­pa­ha­na­syn­da tä­ze be­je­riş bi­na­sy­ny gur­mak bo­ýun­ça de­giş­li mi­nistr­lik­ler we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry bi­len gu­ra­ma­çy­lyk iş­le­ri ýe­ri­ne ýe­ti­ril­di. Şeý­le­lik­de, şy­pa­ha­na­nyň mel­hem suw­ly çeş­me­si­niň muk­da­ry, onuň çy­ky­my yl­my esas­da öw­re­nil­di. Şy­pa­ha­na­nyň tä­ze bi­na­sy gur­lan­dan soň­ra, bu ýer­de bir­ba­da 1 müň 320 ada­myň be­jer­gi al­ma­gy üçin müm­kin­çi­lik dö­rär.
Şeý­le hem bu ýer­de «Arç­man» şy­pa­ha­na­sy­nyň çä­gin­de gu­rul­ma­gy me­ýil­leş­di­ril­ýän tä­ze bi­na­nyň, dur­ky tä­ze­len­jek Sag­lyk ýo­lu­nyň, dynç al­ýan­la­ra ni­ýet­le­nen bas­syr­ma­la­ryň, ça­ga­lar üçin oýun meý­dan­ça­la­ry­nyň, agyz su­wy, şy­pa­ly suw ul­gam­la­ry­nyň, elekt­rik, gaz we la­gym ge­çi­ri­ji­le­riň, şy­pa­ha­na­nyň dur­muş üp­jün­çi­li­gi­ne de­giş­li bir­nä­çe teh­ni­ki des­ga­la­ryň, aw­to­mo­bil ýo­lu­nyň tas­la­ma­la­ry, bi­na­la­ryň ýa­na­şyk ýer­le­ri­ni aba­dan­laş­dyr­mak bo­ýun­ça me­ýil­leş­di­ri­len iş­le­riň, şy­pa­ha­na­nyň çä­gin­de otur­dyl­ma­gy göz öňün­de tu­tul­ýan aý­man­ça­la­ryň gör­nüş­le­ri gör­ke­zil­di.
Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow gör­ke­zi­len tas­la­ma­lar we çyz­gy­lar bi­len iç­gin tan­şyp, ola­ra bir­nä­çe bel­lik­le­ri aýt­dy hem-de de­giş­li dü­ze­diş­le­ri gi­riz­di.
Şy­pa­ha­na­nyň çä­gi­ni gi­ňelt­mek, bu ýer­de tä­ze sa­gal­dyş bi­na­la­ry­ny gur­mak hem-de Arç­ma­nyň şy­pa­ly su­wu­ny ne­ti­je­li peý­da­lan­mak me­se­le­le­ri­ne yl­my esas­da çe­me­le­şil­me­li­di­gi­ni bel­läp, luk­man Ar­ka­da­gy­myz şy­pa­ha­na­nyň we onuň mi­ne­ral su­wu­nyň müm­kin­çi­lik­le­ri­niň yl­my taý­dan yzy­gi­der­li öw­re­nil­me­gi­niň ze­rur­dy­gy­na ün­si çek­di.
Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz öň­de dur­ýan we­zi­pe­le­riň üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­niň, me­ýil­leş­di­ri­len gur­lu­şyk iş­le­ri­niň bel­le­ni­len wagt­da we ýo­ka­ry hil de­re­je­sin­de ama­la aşy­ryl­ma­gy­nyň hä­zir­ki döw­rüň mö­hüm we­zi­pe­si­di­gi­ni bel­läp, bu iş­le­riň ýo­ka­ry de­re­je­de al­nyp ba­ryl­ma­gy­ny yzy­gi­der­li gö­zeg­çi­lik­de sak­la­mak ba­bat­da de­giş­li ýol­baş­çy­la­ra bir­nä­çe anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.
Soň­ra türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň kä­bir orun­ba­sar­la­ry­nyň, bir­nä­çe mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň, sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­na hem-de ugur­daş pu­dak­la­ra de­giş­li dü­züm­le­riň ýol­baş­çy­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da iş mas­la­ha­ty­ny ge­çir­di.
Luk­man Ar­ka­da­gy­myz Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň gör­kez­me­si­ne la­ýyk­lyk­da, şu gün hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň egin­deş­le­ri bi­len bu ýer­de al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler bi­len ta­nyş­mak we bar bo­lan me­se­le­le­ri ara alyp mas­la­hat­laş­mak üçin ge­len­dik­le­ri­ni aýt­dy.
Ar­ka­dag Ser­dar­ly bag­ty­ýar ýaş­lar ýy­lyn­da bat­ly ga­dam­lar bi­len öňe bar­ýan ýur­du­myz­da yn­san sag­ly­gy­nyň döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­di­gi­ni bel­läp, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz jem­gy­ýe­tiň we döw­le­tiň iň ýo­ka­ry gym­mat­ly­gy bo­lan ada­myň sag­ly­gy­ny go­ra­ma­gyň wa­jyp we­zi­pe­di­gi­ne ün­si çek­di. Döw­le­ti­miz öz ra­ýat­la­ry­nyň sag­ly­gy we aba­dan­çy­ly­gy ha­kyn­da he­mi­şe ala­da ed­ýär. Se­bä­bi sag­dyn jem­gy­ýet sag­dyn döw­le­tiň bin­ýa­dy­dyr. Bi­ziň her bi­ri­mi­ziň sag­ly­ga de­giş­li ýö­ne­keý ta­lap­la­ry we bar­lag­la­ry ber­jaý et­me­gi­miz ze­rur­dyr. Şeý­le­lik­de, sag­dyn dur­muş ka­da­la­ry­nyň berk ber­jaý edil­me­gi ra­ýat­la­ryň sag­ly­gy­nyň ber­ki­dil­me­gi­niň mö­hüm şer­ti bo­lup dur­ýar. Iň esa­sy­sy bol­sa, ada­myň sag­ly­gy, ne­sil­le­riň gel­je­gi hem-de bag­ty­ýar dur­muş­da ýa­şa­ma­gy­dyr di­ýip, luk­man Ar­ka­da­gy­myz sö­zü­ni do­wam et­di.
Şy­pa­ha­na dü­züm­le­ri­niň döw­re­bap ul­ga­my­ny dö­ret­me­giň hem-de ola­ryň mad­dy-teh­ni­ki üp­jün­çi­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­gyň hä­zir­ki döw­rüň mö­hüm me­se­le­si­di­gi­ni bel­läp, luk­man Ar­ka­da­gy­myz ýur­du­myz­da döw­let de­re­je­sin­de ama­la aşy­ry­lan iş­le­riň ne­ti­je­sin­de, Ga­raş­syz, Bi­ta­rap Wa­ta­ny­my­zyň sag­dyn­ly­gyň we ru­hu­be­lent­li­giň me­ka­ny­na öw­rü­len­di­gi­ni aýt­dy. Şeý­le­lik­de, «Arç­man», «Ýy­ly suw», «Baý­ra­ma­ly», «Fa­rap», «Mol­la­ga­ra», «Ber­zeň­ňi», «Da­şo­guz», «Awa­za» we «Ba­ga­bat» şy­pa­ha­na­la­ry­nyň äh­li müm­kin­çi­lik­le­ri hal­ky­my­zyň sag­dyn­ly­gy­nyň ber­ki­dil­me­gi­ne hyz­mat ed­ýär.
Iş mas­la­ha­ty­nyň do­wa­myn­da «Arç­man» şy­pa­ha­na­sy­nyň luk­man­la­ry­nyň we iş­gär­le­ri­niň çy­kyş­la­ry diň­le­nil­di. Olar, il­ki bi­len, bu ýer­de iş­le­mek we hal­ky­my­za hyz­mat et­mek üçin dö­re­di­len şert­le­riň ýo­ka­ry hal­ka­ra gör­ke­zi­ji­le­re do­ly la­ýyk gel­ýän­di­gi­ni nyg­tap, mu­nuň üçin Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za hem-de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­dir­di­ler.
Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, hä­zir­ki dö­wür­de «Arç­man» şy­pa­ha­na­sy­nyň be­je­riş bö­lü­min­de fi­zio­te­ra­pi­ýa, ow­ka­la­ma, iň­ňe bi­len be­je­riş, ozo­ke­rit, pa­ra­fin, içe­ge we kent­le­wük nem­len­dir­mek ýa­ly ugur­lar, şeý­le hem be­den­ter­bi­ýe otag­la­ry he­re­ket ed­ýär. Şeý­le­lik­de, bu ugur­lar mel­hem­lik su­wuň be­je­ri­şi bi­len ut­gaş­dy­ry­lyp, adam­la­ryň sag­ly­gy­ny ber­kit­mek­de örän äh­mi­ýet­li ha­sap­la­nyl­ýar.
Şeý­le hem bu ýer­de Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ag­za­sy «Arç­man» şy­pa­ha­na­sy­nyň tä­ze bi­na­sy­nyň gur­lu­şy­gy­na we de­giş­li des­ga­la­ryň dur­ku­ny tä­ze­le­mek iş­le­ri­ne gat­naş­ma­ga uly gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­di­gi­ni, şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, bir­nä­çe tas­la­ma­la­ryň taý­ýar­la­nyl­ýan­dy­gy­ny aýt­dy.
Luk­man Ar­ka­da­gy­myz şy­pa­ha­na­nyň bi­na­la­ry­nyň dur­ku­ny tä­ze­le­mek iş­le­rin­de we tä­ze des­ga­la­ryň gur­lu­şy­gyn­da hä­zir­ki za­ma­nyň ösen tej­ri­be­si­niň ne­ti­je­li ula­nyl­ma­gy­nyň wa­jyp­dy­gy­na ün­si çek­di. Şun­da eko­lo­gi­ýa me­se­le­si­ne mö­hüm äh­mi­ýet be­ril­me­li­dir. Şy­pa­ha­na­nyň äh­li çä­gi ba­gy-bos­san­ly­ga bü­ren­me­li­dir. Aý­ra­tyn-da, gur­lu­şyk iş­le­ri ama­la aşy­ry­lan­da, bu kün­je­giň te­bi­gy aý­ra­tyn­lyk­la­ry­na, mel­hem suw­ly çeş­me­si­ne ze­per ýe­ti­ril­me­li däl­dir di­ýip, Mil­li Li­de­ri­miz bel­le­di we bu ba­bat­da öňe sü­rül­ýän ta­lap­la­ry yzy­gi­der­li üns mer­ke­zin­de sak­la­ma­gy tab­şyr­dy.
Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow iş mas­la­ha­ty­ny jem­läp, hem­me­le­re alyp bar­ýan iş­le­rin­de we öň­de goý­lan we­zi­pe­le­ri de­giş­li de­re­je­de ýe­ri­ne ýe­tir­mek­le­rin­de üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di.