1977-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda «Voyager 1» kosmos gämisi uçuryldy. Şondan bäri 47 ýyl geçdi. Gämi Ýerden 60 müň kilometr tizlik bilen daşlaşmagyny dowam edýär. «Voyager 1» gämisi 2012-nji ýylda Gün ulgamynyň çäginden çykyp, taryhda ilkinji gezek adamyň döreden enjamy ýyldyzlaryň arasyndaky boşluga baryp ýetipdi. Şondan soňra Gün ulgamyny, Gün ulgamynyň daşyny we ýyldyzlaryň arasyndaky giňişligi öwrenmek maksady bilen işlenip taýýarlanan kosmos enjamy ýyldyzara syýahaty başlady. Bu gämi häzirki wagtda hem ýoluny dowam etdirip, planetamyzdan 24 milliard kilometrden gowrak daşlaşdy. Bu görkeziji Ýer bilen Günüň aralygynyň 160 essesinden hem köp diýmegi aňladýar. 1977-nji ýylyň 20-nji awgustynda bolsa, ýagny «Voyager 1»-den 16 gün ozal uzakdaky planetalary öwrenmek maksady bilen «Voyager 2» hem uçurylýar.