Şu gün – 5-nji sentýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew Aşgabada iş sapary bilen gelen Sukuba uniwersitetiniň prezidenti Nagata Kýosuke bilen duşuşdy.
Duşuşygyň barşynda taraplar türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň meseleleriniň giň gerimi boýunça pikir alyşdylar.
W.Hajiýewiň belleýşi ýaly, Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň özara gatnaşyklarynyň möhüm ugurlarynyň biri hem medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk bolup durýar. Şu nukdaýnazardan ugur alyp ylym , bilim, ýapon dilini öwrenmek ulgamlarynda işjeň hyzmatdaşlyk bellenilip geçildi.
Taraplar Sukuba uniwersiteti bilen D.Azady adyndaky Türkmen Milli dünýä diller instituty hem-de Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň işjeň ösüşi barada hem belläp geçdiler.
Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda alyş-çalyş bilim maksatnamalarynyň çäginde özara gatnaşyklary hasam giňeltmegiň geljegi nygtaldy.