Gadymy Daşoguz topragynda Arkadagly Serdarymyzyň ak patasy, il sylagly ýaşulylaryň “bismillasy” bilen Boldumsaz etrabynyň “Türkmenistan” daýhan birleşiginde bugdaý ekişine dabaraly ýagdaýda badalga berildi.
“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda welaýatymyz boýunça 145 müň gektar meýdana bugdaý ekmek meýilleşdirilýär.
Oba hojalygynyň daýhançylyk işinde möhüm ähmiýetli möwsümleriň biri-de güýzlük bugdaýyň ekiş möwsümidir. Bu işlerde kärendeçi daýhanlara ýakyn hemaýatçy bolýan oba hojalyk tehnikalary aýratyn ähmiýetli bolup durýar. Şonuň üçin hem welaýatymyzyň oba hojalyk önümçilik birleşiginiň garamagyndaky ähli tehniki hyzmat ediş kärhanalar bu möhüm möwsüme taýýarlyk işleri irki möhletlerde görüp, häzirki wagtda işe gyzgalaňly girişdiler. Iş önümçiligi ýokary bolan kuwwatly, döwrebap tehnikalaryň Hormatly Prezidentimiziň hemaýat goldawlary netijesinde alynyp berilmegi bilen ekinlere ideg etmegiň agrotehniki çäreleriň ýokary hilli we aýny wagtynda geçirilmegine mümkinçilik berýär.
Möwsümleýin oba hojalyk işlerinde ulanylýan tehnikalaryň saz we bökdençsiz işledilmegi bu işiň öz wagtynda we maksada laýyk ýerine ýetirilmeginiň esasy şertleriniň biri bolup durýar. Şulardan ugur alyp, pagta ýygymy möwsüminde pagta ýygýan maşynlar, güýzlük bugdaýyň ekişinde dürli kysymly sürüm traktorlaryny, ekijileri abatlanylyp, möwsüme taýýar edilmegi uly ähmiýet berýär.
Welaýatymyz boýunça häzirki wagtda güýzlik bugdaý ekişinde bugdaý ekijileriň 317-si, dürli kysymly sürüm traktorlarynyň 323-i, bejergi traktorlaryň 395-si ekişe girişildi.
Gülruh Haljanowa, Agrosenagat işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygynyň Daşoguz şäher Geňeşiniň başlygy.