5-nji sent­ýabr­da Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri Ra­şid Me­re­dow we ÝU­NES­KO-nyň Baş di­rek­to­ry­nyň orun­ba­sa­ry Szin Sýuý gep­le­şik­le­ri ge­çir­di­ler, onuň do­wa­myn­da Türk­me­nis­tan bi­len ÝU­NES­KO-nyň ara­syn­da öza­ra gat­na­şyk­la­ryň mö­hüm me­se­le­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar we hyz­mat­daş­ly­gyň ýa­kyn gel­jek­dä­ki gün ter­ti­bi ba­ra­da pi­kir alyş­dy.
Ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gyň do­wa­myn­da ta­rap­la­ryň türk­men hal­ky­nyň baý ru­hy mi­ra­sy­ny wa­gyz et­mek­li­ge gö­nük­di­ri­len bi­le­lik­dä­ki çä­re­le­ri dur­mu­şa ge­çi­ren­dik­le­ri hem-de bi­lim, ylym, eko­lo­gi­ýa we te­bi­ga­ty go­ra­mak pu­da­gyn­da iş­jeň hyz­mat­daş­ly­gy alyp ba­ran­dyk­la­ry ba­ra­da aý­dyl­dy.
Ta­rap­lar Türk­me­nis­ta­nyň ÝU­NES­KO-nyň ag­za­ly­gy­na gir­me­gi­niň 30 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li, şeý­le hem Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň 300 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li bir­nä­çe bi­le­lik­dä­ki çä­re­le­ri ge­çir­mek bo­ýun­ça me­ýil­na­ma­la­ry ba­ra­da bel­läp geç­di­ler.
2021-nji ýyl­da gol çe­ki­len Türk­me­nis­ta­nyň hö­kü­me­ti bi­len ÝU­NES­KO-nyň ara­syn­da 2021-2023-nji ýyl­lar üçin Hyz­mat­daş­lyk ha­kyn­da Äht­na­ma­nyň, şeý­le hem Türk­me­nis­ta­nyň hö­kü­me­ti bi­len ÝU­NES­KO-nyň ara­syn­da Ynam gaz­na­sy­ny dö­ret­mek ha­kyn­da 2015-nji ýyl­da­ky Çar­çu­wa­ly yla­la­şy­gyň äh­mi­ýe­ti ba­ra­da nyg­tal­dy. Çar­çu­wa­ly yla­la­şy­gyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi üçin bi­le­lik­dä­ki he­re­ket­le­riň me­ýil­na­ma­sy­ny düz­mek bo­ýun­ça yla­la­şyk ga­za­nyl­dy.
Türk­me­nis­tan bi­len ÝU­NES­KO-nyň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gy has-da gi­ňelt­mä­ge yg­rar­ly­dyk­la­ry­ny mä­lim et­mek bi­len, ta­rap­lar yl­my we bi­lim ul­ga­myn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň ös­dü­ril­me­gi­niň, mil­li me­de­ni mi­ra­sy­my­zy wa­gyz et­mek bo­ýun­ça iş­le­riň do­wam et­di­ril­me­gi­niň hal­ka­ra me­de­ni-yn­san­per­wer hyz­mat­daş­ly­gyň esa­sy gu­ral­la­ry­dy­gy­ny bel­läp geç­di­ler.