Türk­me­nis­tan ýa­kyn aý­lar­da Aş­ga­bat bi­len Pa­ri­žiň ara­syn­da awia­gat­naw­la­ry­ny gaý­ta­dan ýo­la goý­mak üçin teh­ni­ki iş­le­ri alyp bar­ýar. Bu ba­ra­da Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň ýa­nyn­da­ky Ulag we kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar agent­li­gi­niň baş di­rek­to­ry­nyň orun­ba­sa­ry Ba­tyr An­na­ýew fran­suz kom­pa­ni­ýa­la­ry bi­len ge­çi­ri­len işe­wür­lik du­şu­şyk­la­ryn­da bel­läp geç­di.
“orient.tm” saý­ty­nyň ha­bar ber­me­gi­ne gö­rä, 2013-2018-nji ýyl­lar­da üs­tün­lik­li al­nyp bar­lan Aş­ga­bat-Pa­riž awia­gat­na­wy­nyň iki ýur­duň ara­syn­da­ky iň bir mö­hüm gat­naw­la­ryň bi­ri bo­lan­dy­gy bel­le­nil­di.
Awia­kos­mos ul­ga­myn­da­ky türk­men-fran­suz hyz­mat­daş­ly­gy ba­ra­da mag­lu­mat be­ren An­na­ýew sa­tyn al­nan «Air­bus» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň «A330-200» ky­sym­ly «P2F» gör­nüş­li 2 sa­ny tä­ze ýük ho­wa gä­mi­si­niň awia­gat­naw­la­ry kuw­wa­ty­ny art­dy­ran­dy­gy­ny bel­le­di.
Fran­si­ýa­nyň “Tha­les Ale­nia Space” kom­pa­ni­ýa­sy bi­len hyz­mat­daş­ly­gyň ne­ti­je­sin­de Türk­me­nis­ta­nyň özü­niň mil­li eme­li hem­ra­sy­na eýe bo­lan ýurt­la­ryň sa­na­wy­na go­şu­lan­dy­gy mä­lim edil­di. Mil­li eme­li hem­ra ýurt­da ýo­ka­ry tiz­lik­li we yg­ty­bar­ly ara­gat­na­şy­gy üp­jün et­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýän­di­gi aý­dyl­dy.