Dürli döwürlerde durmuşa ornaşdyrylan oýlap tapyşlaryň iň esasylarynyň biri hem ýolyşykdyr. Pyýadalaryň, awtoulaglaryň, käbir uly şäherlerde welosipedçileriň hereketini sazlaýan bu enjam durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Ýolyşygyň oýlanyp tapylmagy we kämilleşdirilmegi bilen ýol hereketine birnäçe düzgünler, ýol belgileri hem girizildi.
Ýol hereketiniň kadalaryny ulular bilen bir hatarda çagalaryň hem bilmegi möhüm şertleriň biri bolup durýar. Çagalar bagyna ýa-da mekdebe gideniňizde, ýol hereketiniň kadalaryny doly we dogry berjaý etmek ilki bilen ýol belgilerini hem-de ýolyşygyň çyralarynyň manysyny öwrenmekden başlanýar. Eger-de ýolda ak zolaklar ýa-da «zolakdan ýöräp barýan adamyň şekili» belgisi bar bolsa, bu siziň ýoldan geçip biljekdigiňizi aňladýar. Ýoldan geçilende, ilki çepiňe, ýoluň merkezindäki çyzyga golaýlanyňda bolsa, sagyňa seretmegi ýatdan çykarmaly däl. Ýolyşygyň bar ýerinde ýoldan geçilende ýanyp-sönýän çyralara ünsli bolmalydyr. Gyzyl çyrada geçmegiň gadagandygyny, sary çyrada ýöremäge taýýarlanmalydygyny, ýaşylda herekete geçmelidigini, megerem, hemmämiz bilýän bolsak gerek. Käbir ýolyşykda çyralaryň näçe sekuntdan çalyşjakdygyny görkezýän, ýagny azalyp barýan sanlar hem bolýar. Şular ýaly ýolyşyk bar bolan çatrykda eger sanlar nola ýetýänçä geçip biljekdigiňize gözüňiz ýetmese, onda garaşyň! Pyýadalar üçin gaýtadan gyzyl ýanyp, soňra ýaşyl ýanandan soňra ýoldan geçiň! Ýoly kesip geçeniňizde biparhlyga ýa-da gyssanmaçlyga ýol bermeli däl. Awtoulag hereketiniň akgynly ýerlerinde ýörite pyýadalar üçin niýetlenen ýerasty we ýerüsti geçelgeden geçmelidigini unutmaň! Ata-eneňiziň ýa-da mugallymlaryňyzyň gündelik tabşyryklaryna eýerip, ýol hereketiniň talaplaryny doly we dogry berjaý ediň!
Ýolyşygyň taryhyndan
Islendik oýlanyp tapylan enjamyň ilkibaşda kämil bolmaýşy ýaly, ýolyşygyň hem uzyn we gyzykly taryhy bar. Eýsem, ýolyşygy kim, haçan oýlap tapdy?
Adamzat durmuşynda entek awtoulag serişdeleriniň oýlanyp tapylmadyk döwründe ilkinji ýolyşyklar peýda bolupdyr. Ilkinji ýolyşyk tok bilen däl-de, gaz bilen işläpdir. Fonara meňzeş ýolyşygyň gyzyl we ýaşyl reňkleri bolupdyr. Iňlis iňženeri demirýolçy Jon Pik Naýtyň oýlap tapan bu enjamy 1868-nji ýylyň ahyrynda Londonyň uly köçeleriniň birinde ýerleşdirilipdir. Synagdan geçirmek maksady bilen bir aý töweregi ulanylan bu enjamy el bilen işletmeli bolupdyr. Şäherleriň ýollarynda at arabalarynyň, welosipedleriň we pyýadalaryň köpelmegi bilen hereketi sazlaýan hem-de düzgüne salýan enjama zerurlyk duýlup başlanýar. Şeýlelikde, 1910-njy ýylda Ernst Sirin ýolyşygyň täze görnüşini işläp düzýär. Şol ýyllar amerikan inženeri Garret Morgan hem ýol hereketini sazlaýan enjamy oýlap tapýar. Morgan birnäçe synanyşykdan soň elektrik togy bilen işleýän ýolyşygy işläp düzýär. Onuň döreden gyzyl we ýaşyl gözli ýolyşygyna gysga wagtda duýduryjy sary yşyk hem goşulýar. «T» harpyna meňzedilip ýasalan Morganyň ýolyşygy dünýäniň dürli ýurtlaryna ýaýraýar. Elektrik energiýasy bilen işleýän ilkinji ýolyşyk 1914-nji ýylda ABŞ-nyň Ogaýo ştatynyň Kliwlend şäherindäki iň köp gatnawly köçäniň çatrygynda goýulýar. Onda gyzyl yşyk «dur», ýaşyl yşyk «ýöre» diýmegi aňladypdyr. Reňkleriň çalşygy ses bilen duýdurylypdyr. 1926-njy ýylda ilkinji awtomatik ýolyşyklar peýda bolýar. Reňkleriň näçe wagtdan çalyşjakdygyny görkezýän sanly ýolyşyklar bolsa, 1990-njy ýyllarda pyýadalar üçin döredilýär. Soňlugy bilen awtoulaglar üçin hem sanly ýolyşyklar ulanylyp başlanýar.
Aslynda ilkibaşda ýolyşyklar, has takygy, 1830-njy ýyllarda demir ýol ulgamynda peýda bolýar. Ak we ýaşyl çyraly demir ýol yşygyny saýgarmakda kynçylyklar ýüze çykyp başlaýar. Şeýlelikde, demir ýol üçin hem awtoulag ýolundaky ýaly gyzyl, ýaşyl we sary reňkler ulanylyp başlanýar. Bu üç reňkiň saýlanyp alynmagynyň sebäbi olary saýgarmak beýleki reňklere görä has aňsat.
Ýolyşyk barada gyzykly maglumatlar:
Dünýädäki ilkinji ýolyşyk 1868-nji ýylda Londonda oturdylýar. Gaz bilen işleýän bu enjam bir aý töweregi işleýär.
1920-nji ýyllara çenli ýolyşykda sary çyra ýokdy. 1920-nji ýylda Detroýtyň polisiýa işgäri Wilýam Potts sürüjiler üçin zerur bolan duýduryjy sary çyrany goşýar.
Dünýäniň iň köne hereket sazlaýjysy Ogaýo ştatynyň Aşwil şäherinde ýerleşýär. 1932-nji ýylda gurlan bu ýolyşyk 90 ýyldan gowrak wagt bäri ulanylýar.
Amerikaly awtoulag sürüjisi her ýyl ortaça 58,6 sagadyny gyzyl yşykda garaşyp geçirýär.
Gyzyl çyrany beýleki reňklere görä tolkun uzynlygynyň has güýçli bolany üçin uzakdan saýgaryp bolýar.