Häzirki wagtda güýz paslynyň gelmegi bilen, günüň dowamynda howanyň derejesiniň üýtgeýändigini nazara alyp, güýz paslynda döräp biläýjek möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin pasla görä geýinmegi, Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlary içmegi, şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünlerini berjaý etmegi, burnuň nemli bardasyna «Oksolin» melhemini çalmagy, witaminlere baý gök önümleri we milli tagamlarymyzy iýmegi, şeýle hem maşgala lukmanlary bilen maslahatlaşyp keselleriň öňüni alyş sanjymlaryny almagyňyzy maslahat berýäris. Bu düzgünleri berk berjaý etseňiz güýz paslynda döräp biläýjek möwsümleýin kesellerden goranyp bilersiňiz.
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.