Dünýäniň iň uly gözleg saýtynyň (gözleg motory) döredilenine 25 ýyl doldy. Häzirki wagtda «Alphabet» kompaniýasyna degişli bolan brend esasy girdejisini mahabatlardan alýar. Gözleg saýty ilkibaşda 1996-njy ýylda Kaliforniýadaky Stenford uniwersitetinde aspirantura maksatnamasynda okaýan Larri Peýjiň hem-de Sergeý Briniň ylmy işi hökmünde peýda bolýar. Şol döwürde entek täze peýda bolup başlan internetdäki gözleg saýtlarynda gözlegiň netijeleri gözlenýän sözüň sahypada näçe gezek görünýändigine görä çykýardy. Peýj bilen Brin «PageRank» atly saýtlaryň ulanyjylarynyň sanyna görä görkezýän ulgamy taýýarlaýar.
Peýj bilen Brin ilkibaşda «Backrub» ady bilen döreden gözleg motorynyň adyny 10-yň 100-nji derejesi bolan san – «googol» diýip üýtgedýärler. Soňra bolsa, şol sözden aýtmagy has aňsat bolan «google» sözüni döredýärler.
Netijede, 1998-nji ýylyň 4-nji sentýabrynda ilkinji maýa goýumy alnyp, kompaniýa döredilýär.
Kompaniýa 2000-nji ýylda ulanyjylaryň gözleýän sözlerine görä, olaryň gyzyklanmasyny çaklap, sahypasynda şoňa görä mahabat goýup başlaýar. 2001-nji ýylda saýtyň ulanyjylarynyň sany ilkinji gezek 1 milliarddan geçýär.
2004-nji ýylda bolsa, ilkinji elektron poçta hyzmatyny ýola goýýar. 2005-nji ýylda, esasan, mobil enjamlar üçin niýetlenen «Android» amaly ulgamyny satyn alýar. 2006-njy ýylda «YouTube» döredilýär, şol ýyl öz maglumat merkezini gurýar.
Internet ulgamyndaky ornuny berkiden kompaniýa «Orkut», «Google Buzz» we
«Google+» ýaly jemgyýetçilik torlary bilen bir hatarda «Chrome» eksplorerini we suratlar bilen işlemäge kömek edýän «Picasa» programmasyny we «Google Talk» söhbetdeşlik programmasyny döredýär.
2004-nji ýylyň awgustynda kompaniýa biržada paýnamalarynyň satuwyny ýola goýýar. 2005-nji ýylda onuň bazar bahasy 52 milliard dollara ýetip, dünýäniň iri tehnologiýa kompaniýalarynyň hataryna goşulýar.
Wagtyň geçmegi bilen dürli ugurlardaky taslamalaryny artdyryp, birnäçe ululy-kiçili kompaniýany satyn alýar. Şeýle bolansoň, 2015-nji ýylda garamagyndaky ähli kompaniýalary «Alphabet» kompaniýasynda birikdirip, «Google» brendi hem şoňa degişli edilýär.
Allaýar HOJIÝEW,
Türkmenistanyň Serhet institutynyň talyby.