1984-nji ýylyň 10-njy sentýabrynda britan genetigi Alek Jeffriz, edil barmak yzlary ýaly, her bir adamyň DNK-synyň üýtgeşikdigini we özboluşlydygyny ýüze çykardy. Ol DNK-niň rentgen suratlaryna seredip, DNK zynjyrlarynyň tapawutlydygyny anyklady. Jeffriz olary “genetiki yzlar” diýip atlandyrdy. Şeýlelikde, “genetiki daktiloskopiýa” ýüze çykaryldy. Deoksiribonuklein kislotasy (DNK) janly organizmiň işleýşi barada nesil maglumatlaryny kodlaýan molekuladyr. Ýagny, bu molelulalar janly organizmleriň ösmegi we işlemegi üçin genetiki programmanyň saklanmagyny, nesilden-nesle geçmegini üpjün edýär.