Hindistanda G20 ýurtlarynyň (Uly ýigrimilik) sammiti öz işine başlady. Nýu-Deli şäherinde geçirilýän ýokary derejeli duşuşyga ABŞ-nyň Prezidenti Jozef Baýden, Angliýanyň Premiýer-ministr Rişi Sunak, Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron, Günorta Koreýanyň Prezidenti Ýun Sok Ýol, Günorta Afrika Respublikasynyň Prezidenti Siril Ramafosa, Bangladeşiň hökümet başlygy Şeýh Hasina Wazýed, Argentinanyň Prezidenti Alberto Fernandes, Germaniýanyň kansleri Olaf Şolz, Ýaponiýanyň Premýer-ministri Kişida Fumio, Saud Arabystanynyň Mirasdüşer Şazadasy Mohammed bin Salman, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, Nigeriýanyň Prezidenti Bola Ahmed Tinubu, Awstraliýanyň Premýer-ministri Entoni Albaniz we ýokary derejeli döwlet ýolbaşçylary gatnaşýar. Şeýle hem sammite agza döwletlerden başga-da, birnäçe ýurduň wekilleri myhman hökmünde çagyryldy. “Bir dünýä, bir maşgala, bir gelejek” şygary astynda geçirilýän maslahatyň öň ýanynda ýer eýesi Hindistanyň hökümet başlygy Narendra Modi ýokary derejeli myhmanlary ýeke-ýekeden garşy alyp, bilelikde surata düşdi. Sammitiň dowamynda esasy üç maslahat geçirilip, giňişleýin global ykdysady özgerişlik meselelerine garalar. Sammite Russiýanyň Prezindende Wladimir Putin hem-de Hytaýyň Başlygy Si Szinpin gatnaşmaýar. Russiýa daşary işler ministri Sergeý Lawrow Hytaýa hökümet başlygy Li Sýan wekilçilik edýär.
Her ýyl myhman hökmünde G20 sammitine gatnaşmaga çagyrylýan ýurtlaryň sanawy öňünden tassyklanýar. Şu ýyl sammite Bangladeş, Müsür, Mawrikiý, Niderlandlar, Nigeriýa, Oman, Singapur, Ispaniýa we BAE ýaly ýurtlaryň wekilleri çagyryldy.