1961-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Ýabany Durmuşyň Bütindünýä Gaznasy (World Wildlife Fund, WWF) haýyr-sahawat guramasy hökmünde resmi ýagdaýda esaslandyrylýar. Häzirki wagtda bu gaznanyň ady Tebigat üçin Bütindünýä Gaznasy (World Wide Fund for Nature, WWF) diýlip atlandyrylýar. 1961-nji ýylyň 29-njy aprelinde Şweýsariýanyň Ženewa kölüniň kenaryndaky Morž şäherinde meýletinçi topar bu baradaky ilkinji resminama gol çekýärler. Häzirki wagtda tebigaty goramakda dünýäniň iň täsirli jemgyýetçilik guramalarynyň biri bolan WWF Ýer ýüzüniň dürli künjeginde gaýragoýulmasyz daşky gurşaw meselelerini çözmäge ýardam berýär. Bu gaznanyň dünýäde 5 milliondan gowrak tarapdary bolup, 100-den gowrak ýurtda iş alyp barýar. Gaznanyň nyşanynda aýynyň bir görnüşi bolan pandanyň şekili bar.