Okamagyň çägi ýok diýilýäni çyn bolsa gerek. ABŞ-nyň Wiskonson ştatynda bu söze mysal bolup biljek waka bolup geçdi. Ştatyň Kenoşa şäherindäki Karteç kollejinde 18 ýaşly Miýa Karter, onuň ejesi 49 ýaşly Emi Malçewski we 71 ýaşly mamasy Kristi Şwan şu ýyl okuwa başladylar. Miýa buhgalteriýa we marketing hünärinden bilim alýar. Onuň ejesi bilen mamasy bolsa, şol okuw mekdebinde ynsanperwer bilimleri hünärinden magistratura maksatnamasynyň diňleýjileri bolupdyrlar. Şeýle hem Miýanyň uýasy Samanta Malçewski hem geçen ýyl şol okuw mekdebine giripdir. Ol okuwyny tamamlansoň, şepagat uýasy bolmaly.
Samanta ejesi bilen mamasynyň bu okuw mekdebine girendiklerini eşidende örän tolgunypdyr.
Metbugat wekilleriniň sowallaryna jogap beren Emi ömrüň gysgadygyny, şol sebäpli arzuwyňa ýetmek üçin jan etmelidigini belleýär.
Şwan bolsa, bir firmanyň ýolbaşçysy wezipesinde işläpdir, birnäçe kitap ýazypdyr. Ol ömrüniň dowamynda pensiýa çykanda magistratura okamagy arzuw edipdir. Onuň sözlerine görä, täze işe girişmek üçin hiç haçan giç däl. Ol ýaşyň okuwa päsgel däldigini aýdýar.
Onuň agtygy Miýa bolsa, bir synpda okamaýan hem bolsa, okuw wagty bir-birlerini görüp bilmekleriniň gowy taraplarynyň bardygyny belleýär. Ol ejesi bilen mamasynyň okaýan synpyna çenli bilelikde gitmegiň, derslere taýýarlanmak ýa-da günortanlyk naharyny bilelikde iýmek üçin duşuşmagyň gowy zatdygyny belleýär.