11-nji sentýabrda Seulda “Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy” Hyzmatdaşlyk Forumynyň sekretariaty, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Koreýa Respublikasyndaky ilçihanalary bilen bilelikde syýahatçylyk pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge bagyşlanan tegelek stol guraldy. Duşuşyga Merkezi Aziýa döwletleriniň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, şeýle hem bu ýurtlaryň we Koreýa Respublikasynyň syýahatçylyk pudagynyň wekilleri gatnaşdy.
Duşuşykda syýahatçylyk pudagynyň ösüşi, hususan-da, Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlarynda we Koreýada pandemiýadan soňky döwürde syýahatçylyk pudagynyň gaýtadan dikeldilmegi bilen bagly meseleler boýunça pikir alşyldy. “Akylly syýahatçylygyň” üstünlikli tejribesini öwrenmegiň we Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda göni uçar gatnawlarynyň açylmagynyň ähmiýeti hem nygtaldy.
Tegelek stoluň başynda türkmen tarapy gatnaşyjylary Türkmenistanyň syýahatçylyk pudagy baradaky maglumatlar bilen tanyşdyrdy we ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçilikleri barada wideo görkezildi.