Fran­si­ýa­nyň san­ly­laş­ma we te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa mi­nist­ri Žan-No­el Bar­rot in­di­ki buý­ru­ga çen­li “iP­ho­ne 12” te­le­fon­la­ry­nyň sa­tu­wy­nyň tog­ta­dy­lan­dy­gy­ny mä­lim et­di. Mi­nistr X jem­gy­ýe­tin­dä­ki ak­ka­un­dyn­da “App­le” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň tä­ze­len­me gi­riz­ýän­çä “iP­ho­ne 12” smart­fo­ny­nyň Fran­si­ýa­da­ky sa­tu­wy­nyň tog­ta­dy­lan­dy­gy­ny ýaz­dy.
Mi­nistr Bar­rot ag­zal­ýan çäk­len­dir­mä­niň ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi üçin Mil­li tol­kun agent­li­gin­den (ANFR) de­giş­li äh­li iş­gär­le­ri­ni ug­ruk­dyr­ma­gy ta­lap et­di.
Elekt­ron en­jam­la­ryň ýaý­rad­ýan tol­kun­la­ry­nyň güý­jü­ne gö­zeg­çi­lik ed­ýän ANFR 141 te­le­fon mo­de­lin­de ge­çi­ri­len bar­lag­lar­da “iP­ho­ne 12”-le­riň Ýew­ro­pa­da rug­sat be­ril­ýän ra­dia­si­ýa muk­da­ryn­dan ýo­ka­ry­dy­gy­nyň anyk­la­nan­dy­gy­ny mä­lim edip­di.
Ýew­ro­pa­da bir te­le­fon jü­bü­de ýa-da el­de sak­la­nan­da 4W/kg ra­dia­si­ýa muk­da­ryn­dan pes bol­ma­ly. ANFR bu gör­ke­zi­ji­niň “iP­ho­ne 12 mo­del” te­le­fon­la­ryn­da 5,74 W/kg bo­lan­dy­gy­ny mä­lim et­di.