Şu gün Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin we Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Yn Russiýanyň Amur oblastynyň “Wostoçnyý” kosmodromynda duşuşyk geçirdiler. Gepleşikler bir sagatdan gowrak dowam etdi.
Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskow rus-koreý gatnaşyklary barada durup geçip, Russiýanyň KHDR bilen özara peýdaly esasda gatnaşyk gurýandygyny aýtdy.
Demirgazyk Koreýanyň lideri kosmodromyň demir ýol menziline otly bilen geldi. Duşuşykda iki ýurduň ýolbaşçylary žurnalistler bilen gysga söhbetdeşlik geçirdiler.
Russiýanyň Prezidenti we KHDR-iň lideri mundan öň 2019-njy ýylda Wladiwostok şäherinde duşuşypdy. Kim Çen Yn “Wostoçnyý” kosmodromynyna baryp gören ilkinji daşary ýurtly lider däldir. Dürli döwürlerde, hususan-da, Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko we Mýanmanyň lideri Min Aun Hlaýn hem bu ýere gelip görüpdi.
Taraplar kosmodromy gözden geçirenlerinden soň, bu ýerde ýokary derejeli rus-koreý gepleşikleri geçirildi. Gepleşikleriň barşynda taraplar ilkinji nobatda ikitaraplaýyn gatnaşyklara ünsi jemläp, sebitdäki we umuman halkara arenasyndaky ýagdaýlar barada pikir alyşdylar.