Frank Ru­bio 366 gün­läp hal­ka­ra kos­mos be­ke­din­de bo­lup, iň uzak wagt­lap kos­mos­da bo­lan ame­ri­ka­ly bol­dy. NA­SA-nyň X jem­gy­ýet­çi­lik to­run­da­ky ak­ka­un­dyn­da bel­le­ni­li­şi­ne gö­rä, mun­dan ozal Mark Wan­de Ha­ýa de­giş­li bo­lan 355 gün­lük re­kor­dy tä­ze­läp­dir. Ru­bio­nyň 27-nji sent­ýabr­da Ýe­re do­la­nyp gel­jek­di­gi, şol se­nä çen­li üz­nük­siz 371 gün­läp kos­mos­da bol­jak­dy­gy mä­lim edil­di. Ge­çen ýy­lyň 21-nji sent­ýab­ryn­da Hal­ka­ra kos­mos be­ke­di­ne gi­den Ru­bio ol ýer­dä­ki we­zi­pe möh­le­ti ta­mam­la­nan­da, bir ýyl­dan köp wagt­lap kos­mos­da bo­lan il­kin­ji ame­ri­kan ast­ro­naw­ty ady­na eýe bo­lar.
Kap­su­la­nyň bo­zul­ma­gy re­kor­da se­bäp bol­dy
Mä­lim bol­şy ýa­ly, Hal­ka­ra kos­mos be­ke­di­ne NA­SA-nyň, şol san­da Rus­si­ýa­nyň kos­mo­nawt­la­ry şol bir kos­mos gä­mi­sin­de gi­dip-gel­ýär. Ru­bio­ny we onuň bi­len bi­le­lik­de 2 rus kos­mo­naw­ty 6 aý­lyk möh­let bi­len Rus­si­ýa­nyň “So­ýuz” kap­su­la­sy bi­len uçu­ry­lyp­dy. Em­ma ola­ry yzy­na alyp gaýt­ma­ly “So­ýuz MS-22” kos­mos gä­mi­sin­de teh­ni­ki nä­saz­ly­gyň ýü­ze çyk­ma­gy bi­len yzy­na boş gaý­dyp­dy. NA­SA bol­sa, rus we ame­ri­kan eki­pa­žy Ýe­re ge­tir­mek üçin kos­mos gä­mi­si­ni ug­rat­jak­dy­gy­ny mä­lim edip­di. Şeý­le­lik­de, Ru­bio Hal­ka­ra kos­mos be­ke­din­de şu wag­ta çen­li gal­ma­ly bol­dy.
Ýe­ri ge­len­de bel­le­sek, kos­mos gi­ňiş­li­gin­de uzak wagt­lap bol­mak re­kor­dy rus­si­ýa­ly kos­mo­nawt Wa­le­riý Pol­ýa­ko­wa de­giş­li. Ol 1994-nji ýy­lyň 8-nji ýan­wa­ryn­da 1995-nji ýy­lyň 22-nji mar­ty­na çen­li 437 gün­läp, “Mir” kos­mos be­ke­din­de bo­lup, re­kord go­ýup­dy. 30 ýy­la go­laý wagt ge­çen­di­gi­ne ga­ra­maz­dan hä­zi­re çen­li bu re­kord tä­ze­len­me­di.