Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji Konsultatiw duşuşygyna hem-de Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Täjigistan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady.
Döwlet Baştutanymyzy paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde resmi adamlar ugratdylar.
Duşenbe şäheriniň Halkara howa menziline gelende, hormatly Prezidentimizi resmi adamlar garşyladylar. Howa menzilinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Döwlet baýdaklary galdyryldy hem-de Hormat garawuly nyzama düzüldi. Myhmansöýerligiň asylly däbine görä, döwlet Baştutanymyza gül desseleri gowşuryldy.
Sebit boýunça goňşy döwletler bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak we ösdürmek Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmen halkyny şol ýurtlaryň halklary bilen berk dostluk, medeni umumylyk, taryhyň dowamynda emele gelen gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan we häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän bu döredijilikli, parahatçylyk söýüjilikli strategiýa halkara bileleşiginiň ählumumy goldawyna we ykrarnamasyna eýe boldy.
Türkmenistan sebit hyzmatdaşlygynyň meselelerine ähli taraplaryň bähbitlerini nazara almak arkaly, özara hormat goýmak we hoşmeýilli erk-isleg esasynda yzygiderli we sazlaşykly çemeleşmek ugrunda çykyş etmek bilen, bu babatda anyk teklipleri öňe sürýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ençeme gezek ýokary derejedäki sebit duşuşyklarynyň geçirilýän ýerine öwrülendigini bellemek gerek.