Şu gün Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygyna we Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Duşenbe şäherine gelen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen ikiçäk duşuşyk geçirdi.
Gepleşikleriň dowamynda ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek bilen baglylykda, döwletara hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Täjigistanda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmeginiň ýurduň halkara giňişlikdäki barha artýan abraýyna şaýatlyk edýändigini belläp, Duşenbe duşuşyklarynyň sebitde özara düşünişmegi we ynanyşmagy mundan beýläk-de berkitmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Täjigistan bilen dostlugyň, hoşniýetli goňşuçylygyň pugta esaslaryna daýanýan däp bolan gatnaşyklara uly ähmiýet berýändigini aýdyp, özara söwda dolanyşygyny artdyrmak, maýa goýumlar, bilelikdäki ykdysady taslamalary amala aşyrmak, ulag-logistika mümkinçiliklerini doly derejede herekete getirmek arkaly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şunda döwletara gatnaşyklarda medeni-ynsanperwer dialogyň hem ileri tutulýan ugurlaryň biridigi nygtaldy.