Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew Täjigistan Respublikasyna sapar bilen bardy. Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygyna hormatly myhman hökmünde gatnaşar.
Saparyň çäklerinde Azerbaýjanyň we Täjigistanyň arasynda ýokary derejedäki duşuşyklar we gepleşikler göz öňünde tutuldy, bu gepleşiklerde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň giň ugurlary ara alnyp maslahatlaşylar.
Mälim bolşy ýaly, 14-15-nji sentýabrda Duşanbe şäherinde Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň başlyklyk etmeginde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji Konsultatiw duşuşygyna we Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçiriler.
Täjigistandaky ýokary derejedäki duşuşyklara gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow hem-de Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Duşanbe şäherine bardy.
«Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy» atly mehanizmi döretmek başlangyjy 2017-nji ýylyň sentýabrynda öňe sürlüpdi. Şondan bäri sebitiň Liderleri 2018-nji ýylyň martynda Gazagystanda, 2019-njy ýylyň noýabrynda Özbegistanda, 2021-nji ýylyň awgustynda Türkmenistanda, 2022-nji ýylyň iýulynda Gyrgyzystanda geçirilen sammitlere gatnaşdylar.