Köpler üçin welosiped – diňe bir durmuşyň ýörelgesi bolman, eýsem, ýokary derejede saglygyňy goramak üçin ajaýyp mümkinçilikdir. Dünýäniň dürli ýurtlarynyň alymlarynyň köpýyllyk lukmançylyk barlaglaryna laýyklykda, welosipedde gezelenç etmek ýürek-damar ulgamyny berkidip, kiçi çanaklygyň organlaryndaky hereketsizligi aradan aýyrýar, görşüňi gowulaşdyrýar, şeýle hem, “bagtyýarlyk gormony” diýlip atlandyrylýan endorfinleriň bölünip çykmagyna ýardam berip, ynsan ömrüni uzaldýar.
Ulagyň bu görnüşinden giňden peýdalanmak Türkmenistanda-da ýola goýuldy. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen şu ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna 50 gün galmagy mynasybetli täze wagyz ediş çäresini ýagny, köpçülikleýin welosiped ýörişini guramak başlangyjy bilen çykyş etdi. Bu wagyz ediş çäresi dünýä metbugatynda giň seslenme döretdi. Türkmenistanda welosiped sportuny ösdürmäge hem-de jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmaga uly ähmiýet berilýär. Bu çäre ilatyň saglygynyň berkidilmegine, ekologiýa abadançylygynyň meseleleriniň çözülmegine hem-de welosiped sportunyň wagyz edilmegine ýardam berýär.
Soňky ýyllarda Türkmenistanda welosiped sportunyň ösdürilmegine örän uly üns berilýär. 2013-nji ýylyň iýun aýynda döwlet Baştutanymyzyň gol çeken degişli Karary hem-de her ýyl köpçülikleýin welosipedli ýörişleriň geçirilmegi barada milli Liderimiziň başlangyjy ähli türkmenistanlylar tarapyndan uly höwes bilen goldanylyp, bu sportuň ösdürilmegine aýratyn itergi berdi. Munuň özi maksatnamasyna trek welosiped ýaryşlary hem girýän Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň çäklerinde-de örän möhümdir.
Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň işjeň tarapdary hem-de wagyz edijisi bolan milli Liderimiz Aziada-2017-niň başlanmagyna 50 günüň galmagynyň şanyna “welosiped ulagynyň gününi” guramak başlangyjyny öňe sürüp, yzygiderli türgenleşikleriň adamy diňe bir beden taýdan taplaman, eýsem, onda erkiň güýjüni, zähmetsöýerligi, maksada okgunlylygy terbiýeleýändigi baradaky ynamdan ugur alýar.
Umuman, welosiped sportuny ösdürmek hem-de welosipedli gezelenjiň adam saglygyna peýdasy barada dünýä metbugatynda-da yzygiderli makalalar çap edilýär. Şolardan görnüşi ýaly, Kopengagendäki Bispeberg hassahanasynyň lukmanlarynyň pikirine görä, welosipedde yzygiderli gezmek ömrüňi ýene-de bäş ýyl uzaltmaga ýardam berýär. Her günde welosipedli gezelençleriň adam ömrüniň dowamlylygyna täsiri barada 12 ýyl barlag geçiren professor Piter Şnor şeýle netijä geldi. Barlaga yzygiderli welosipedli gezýän 21-90 ýaş aralygyndaky 5000 erkek kişi we zenan gatnaşypdyr.
Barlagyň netijeleri boýunça orta depginde welosiped sürýän erkek kişiler 2,9 ýyl, tiz sürýänler bolsa, 5,3 ýyl uzak ýaşaýan eken. Zenanlaryň arasynda bolsa, ömrüň dowamlylygy degişlilikde, 2,2 we 3,9 ýyla barabar bolan eken. Barlagyň netijeleri boýunça alnan maglumatlar Kardiologlaryň Ýewropa jemgyýetiniň Parižde geçirilen kongresinde mälim edilipdir.
Welosiped sürülýän wagty aýaklar işjeň hereket edip, gan aýlanyşygy sazlaşýar we köp keselleriň öňüni alýar. 1884-nji ýylda iňlis oýlap tapyjysy Jon Kemp Starli tarapyndan oýlanyp tapylan welosiped XX asyrda uly ösüş ýoluny başdan geçirýär. Welosiped 1960-njy ýyldan soň sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekde hem-de ekologik meselelerdäki ähmiýeti nazara alnyp, durmuşa giňden ornaşdyryldy. Häzirki wagtda welosipedler Ýewropa ýurtlarynda has-da giňden ýaýrandyr. Iň welosipedli ýurt Daniýa hasaplanyp, bu ýurduň ortaça ýaşaýjysy ýylda 893 kilometr ýoly welosipedli külterleýär.
Beýik Britaniýanyň Glazgo uniwersitetiniň alymlary soňky geçiren barlaglarynda işe we öýe welosipedde yzygiderli gatnamagyň düwnügiň ösüş ähtimallygyny 45 göterim we ýüregagyrynyň peýda bolmak howpuny hem 46 göterim azaldýandygyny mälim etdiler. Şeýle hem welosipedde işe gatnamak islendik sebäp bilen biwagt ölüm howpuny 41 göterim azaldyp, ömri uzaldýan eken.