Italiýanyň çempionaty “Serie A”-da 33 ýyldan soň 3-nji çempionlygyny gazanan “Napoli” toparynyň gruziýaly ýyldyzy Hwiça Kwaresheliýa gol geçirmegi ýatdan çykaran ýaly. Soňky gezek mart aýynda gol geçiren 22 ýaşyndaky wingere şondan bäri “Napolide” hem-de Gruziýanyň milli ýygyndysynda oýnan 21 duşuşygynda tapawutlanmak başartmady. Kwaresheliýa soňky gezek 19-njy martda “Napoliniň” “Torinony” 4-0 hasabynda ýeňen duşuşygynda tapawutlanypdy.

Geçen ýylyň tomsunda “Napoli” toparyna transfer bolan gruziýaly oýunçy “Napoliniň” düzüminde 45 oýunda meýdança çykyp, 14 gol geçirip, 14 goluň hem pasyny beripdi.