Teh­no­lo­gi­ýa en­jam­la­ry­nyň ös­me­gi, ulag se­riş­de­le­ri­niň kö­pel­me­gi eko­lo­gi­ýa­nyň ha­pa­lan­ma­gy­na ge­ti­rip, ada­myň öm­rü­niň do­wam­ly­ly­gy­na tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär. Ge­çi­ri­len bar­lag­lar­da ada­dyr to­kaý se­bit­le­rin­de ýa­şa­ýan­la­ryň has uzak ýa­şa­ýan­dyk­la­ry ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Bi­ler­men­ler mu­nuň se­bäp­le­ri­ni der­ňäp, uzak ýa­şa­mak üçin eko­lo­gi­ýa­nyň aras­sa bol­ma­gy bi­len bir ha­tar­da, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni yzy­gi­der­li ýö­ret­me­giň mö­hüm­di­gi­ni bel­le­ýär­ler.
Te­bi­gy he­re­ket. Uzak ýa­şa­ma­gyň il­kin­ji ädi­mi te­bi­gy he­re­ket­den baş­lan­ýar. Py­ýa­da ýö­re­mek, bag ek­mek, öý jan­dar­la­ry­ny idet­mek, maşk et­mek we sport zal­la­ryn­da tür­gen­leş­mek sag­lyk üçin peý­da­ly bo­lup, özü­ňi has ýe­ňil duý­ma­ga kö­mek ed­ýär. Bi­ler­men­le­riň bel­le­me­gi­ne gö­rä, gü­nor­tan­lyk we ag­şam­lyk na­ha­ryn­dan soň, py­ýa­da ge­ze­lenç et­mek mö­hüm şert­le­riň bi­ri bo­lup dur­ýar.
Gün ter­ti­bi­ni düz­mek. Özü­ňi­ze gö­rä gün ter­ti­bi­ni dü­züp, şo­ňa gö­rä he­re­ket et­mek, uzak ýa­şa­ma­gyň mö­hüm şert­le­ri­niň bi­ri­dir. Mak­sat­syz ýa-da ga­ry­şyk dur­muş ýö­rel­ge­le­ri ada­my çalt ýa­dad­ýar, hö­we­si­ni ga­çyr­ýar. Şol se­bäp­li mak­sat tu­tup, il­ki bi­len gün ter­ti­bi­niň we iş­le­riň me­ýil­na­ma­sy­ny düz­me­li. Ge­rek bo­lan ha­la­tyn­da ka­gy­za bel­lik et­me­li. Dur­muş­da wag­tyň gad­ry­ny bi­lip, tyg­şyt­ly ulan­ma­gy en­dik et­me­li.
Özü­ňe erk et­mek. Dur­muş­da duş gel­ýän ýag­daý­la­ra we kyn­çy­lyk­la­ra sa­byr­ly hem-de so­wuk­gan­ly çe­me­leş­mek adam sag­ly­gy üçin äh­mi­ýet­li­dir. Stres, ala­da­ly ýag­daý­lar nerw öý­jük­le­ri­niň ze­per­len­me­gi­ne ge­ti­rip, ada­myň aňy­ny bu­laş­dyr­ýar, şeý­le hem dur­mu­şa bo­lan ga­raý­şy­na tä­sir ed­ýär. Bi­ler­men­ler dart­gyn­ly ýag­daý­lar­da maşk et­me­gi, me­di­ta­si­ýa sa­pak­la­ry­ny al­ma­gy mas­la­hat ber­ýär­ler.
Ka­da­ly iý­mit­len­mek. Aşa köp iý­mek, ge­re­gin­den ar­tyk na­har­lan­mak be­de­niň öz-özü­ne ag­ram sal­ma­gy­na ge­tir­ýär. Se­miz­lik we be­den­de ar­tyk­maç ýa­gyň top­lan­ma­gy iş­jeň­li­giň pe­sel­me­gi­ne ge­tir­ýär. Ir­den we gü­nor­tan ka­da­ly iý­mit­le­nip, ag­şa­my­na «ki­çi na­har­lar» bi­len iý­mit­len­me­li. Iý­mit sa­na­wyn­da ösüm­lik esas­ly ýag­la­ryň, süýt we gök önüm­le­riň bol­ma­gy hök­ma­ny şert­le­riň bi­ri­dir.
Jem­gy­ýet­çi­lik gat­na­şy­gy. Bagt­ly gat­na­şyk­lar uzak ýa­şa­ma­gy üp­jün ed­ýär. Ge­çi­ri­len bar­lag­lar­da uzak ýa­şa­ýan­la­ryň maş­ga­la we jem­gy­ýet­çi­lik ara­bag­la­ny­şy­gy­ny sak­la­ýan­dyk­la­ry ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Olar ge­çi­ril­ýän baý­ram­çy­lyk­la­ra, çä­re­le­re maş­ga­la ag­za­la­ry, dost-ýar­la­ry bi­len bi­le­lik­de gat­na­şyp­dyr­lar. Bu adam­la­ryň yna­my­ny art­dy­ryp, öz­le­ri­ni bagt­ly we ra­hat duý­ma­gy­ny üp­jün ed­ýär. Şeý­le hem olar uzak ýa­şa­mak­da köp za­dyň ýan­ýol­da­şy­ňa bag­ly­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler. Maş­ga­la gat­na­şyk­la­ry nä­çe mäkäm bolsa, ýaş ne­sil­le­riň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­lar şon­ça-da ber­k bolýar.