15-nji sent­ýabr­da Lat­wi­ýa­nyň ka­nun çy­ka­ry­jy­la­ry üç koa­li­si­ýa hyz­mat­da­şy – “Tä­ze Ag­zy­bir­lik” par­ti­ýa­sy,”Ýa­şyl we daý­han­lar bi­le­le­şi­gi” we “Ösüş” par­ti­ýa­sy ta­ra­pyn­dan dö­re­di­len tä­ze hö­kü­me­ti ma­kul­lap ses ber­di­ler. Üç koa­li­si­ýa par­ti­ýa­sy 100 orun­lyk par­la­ment­de sä­hel­çe köp­lü­ge eýe.
“Tä­ze Ag­zy­bir­lik” par­ti­ýa­sy ýe­di mi­nistr port­fe­li­ni we öň­ki dur­muş üp­jün­çi­li­gi mi­nist­ri Ewi­ka Si­li­na­nyň eýe­le­ýän Prem­ýer-mi­nistr we­zi­pe­si­ne eýe bol­dy.
Lat­wi­ýa­nyň öň­ki Prem­ýer-mi­nist­ri Kriş­ýa­nis Ka­rinş, ýur­duň Pre­zi­den­ti we­zi­pe­si­ne saý­la­nan Ed­gars Rin­ke­wi­siň or­nu­na da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri we­zi­pe­si­ne bel­len­di.
“Ýa­şyl­lar we daý­han­lar bir­le­şi­gi” bir­nä­çe ýyl­dan soň, hö­kü­met koa­li­si­ýa­sy­na go­şul­dy we dört mi­nistr port­fe­li­ne eýe bol­dy. “Ösüş” par­ti­ýa­sy üç mi­nistr­li­ge ýol­baş­çy­lyk eder.