ABŞ-nyň planetologlary özboluşly açyş edilendigini habar berýärler. Aýyň üstüniň belli bir aralyk boýunça jikme-jik barlaglarynda amerikan alymlaryna Ýeriň hemrasynda suw bardygyny tassyklamaga mümkinçilik berdi. “Nature Geoscience” žurnalynda mälim edilmegine görä, alymlar emeli hemra arkaly alnan Aýyň suratlaryny öwrenip, Aýyň üstki gatlagynyň ähli ýerini gurşap alýan wulkanik jynslaryň düzümindäki aýna granullaryny içgin gözden geçirip, onuň düzüminde suwuň bardygyny tassykladylar.
– Belki-de, Aýyň ähli magmatik jynslary suwa baý bolup, bu ýagdaý onuň özenine hem mahsus bolup biler – diýip, ABŞ-nyň Braun uniwersitetiniň hünärmeni Ralf Milliken mälim edýär. Planetologlaryň tassyklamagyna görä, bu açyş “Apollonlar” üçin täzelik bolup biler. NASA 2009-njy ýylda “Apollon”-yň Aýa saparynda onuň üstünden alnan jynslarda suwuň ýüze çykarylandygyny mälim edipdi. Şonda alymlar Aýyň üstki gatlagynyň bir tonnasynda 945 milli litre çenli suwuň bardygyny çaklapdylar. Alymlar bu ýagdaýyň diňe Ýeriň hemrasyna ýa-da beýleki planetalara hem degişlidigi barada belli bir zat aýdyp bilmediler. Emma olar Aýyň üstüne suwuň Ýer togalagyndan baryp düşmek ähtimallygyny öňe sürdüler.
Emma täze barlaglaryň awtorlary Aýdaky suwuň Aýyň diňe özüne degişlidigi baradaky çaklamany mälim edýärler. Alymlar Teýýa planetasy bilen Ýer togalagynyň gabatlaşmagy netijesinde, Aýyň emele gelendigini tassyklaýarlar. Olaryň aýtmagyna görä, emele gelen çaknyşyk kosmosa materiýanyň zyňylmagyna alyp baryp, ondan hem Aý emele gelipdir. Alymlar bu suwlaryň Aýyň üstüne nädip düşenligi barada heniz gutarnykly pikire gelenoklar. Ýöne Aý ozalbaşda gury bolup, soňra onuň üstüne bol suwly kometalar we asteroidler düşüp, onuň üstündäki jynslara aralaşan bolmagynyň mümkindigini çak edýärler.