Halk ara­syn­da sag­ly­ga baş baý­lyk hök­mün­de ga­ral­ýar. Ýur­du­myz­da adam­la­ryň sag­ly­gy­ny go­ra­mak, sag­dyn nes­liň ke­ma­la gel­me­gi­ni ga­zan­mak, sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň dü­züm­le­ri­ni ös­dür­mek, ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak, ila­ty sag­ly­gy go­ra­ýyş hyz­mat­la­ry bi­len do­ly de­re­je­de üp­jün et­mek döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm ugur­la­ry­nyň bi­ri bol­ma­gyn­da gal­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­ny öň­de­ba­ry­jy dün­ýä tej­ri­be­si­niň esa­syn­da has-da kä­mil­leş­dir­mä­ge uly üns ber­ýär. Bu ul­ga­ma her ýyl­da uly ma­ýa go­ýum­la­ry go­ýul­ýar. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň Türk­me­nis­ta­nyň sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­ny öz­gert­mek bo­ýun­ça alyp bar­ýan sy­ýa­sa­ty­nyň bü­tin dün­ýä­de do­ly gol­daw tap­ýan­dy­gy, yk­rar edil­ýän­di­gi buý­san­dy­ry­jy ha­ky­kat­dyr.
Biz ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň sag­lyk ul­ga­my bo­ýun­ça ge­çen ýyl­lar­da ga­za­nan üs­tün­lik­le­rine, gel­je­ge gö­nük­di­ri­len iri mak­sat­na­ma­la­ry­na buý­sanç, gu­wanç bi­len na­zar aý­la­ýa­rys. Hä­zir­ki dö­wür­de bu ul­ga­my ös­dür­mek “Sag­lyk” Döw­let mak­sat­na­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de ama­la aşy­ryl­ýar. 1995-nji ýyl­yň 21-nji iýulynda ka­bul edi­len “Sag­lyk” Döw­let mak­sat­na­ma­sy­ ge­çen 20 ýyl­da üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­di. 2015-nji ýyl­da ka­bul edi­len tä­ze “Sag­lyk” Döw­let mak­sat­na­ma­syn­da has-da giň ge­rim­li we­zi­pe­ler öň­de go­ýul­dy. Bu res­mi­na­ma ila­tyň sag­lyk ýag­da­ýy­ny has-da go­wu­lan­dyr­mak, adam öm­rü­niň do­wam­ly­ly­gy­ny art­dyr­mak, ra­ýat­lar üçin sag­ly­gy go­ra­mak ba­bat­da hem­me­ta­rap­la­ýyn deň müm­kin­çi­lik­le­ri we şert­le­ri üp­jün et­mek, sag­ly­gy go­raý­şy hal­ka­ra öl­çeg­le­ri­ne la­ýyk­da ös­dür­mek hem-de in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­la­ra, öň­de­ba­ry­jy luk­man­çy­lyk yl­my­na we tej­ri­be­si­ne esas­lan­ýan kä­mil we ýo­ka­ry ne­ti­je­li sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­ny dö­ret­mek mak­sat­la­ryn­dan ugur al­ýar.
Hä­zir­ki za­ma­nyň ösen ta­lap­la­ry­na do­ly la­ýyk gel­ýän Sag­lyk öý­le­ri we mer­kez­le­ri, has­sa­ha­na­lar, be­je­riş-sa­gal­dyş mer­kez­le­ri gu­rul­ýar, şy­pa­ha­na­la­ry gi­ňelt­mek, Ha­zar deň­zi­niň eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa ke­na­ryn­da dö­re­di­len “Awa­za” mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy­ny dün­ýä­niň meş­hur dynç alyş we sa­gal­dyş mer­kez­le­ri­niň bi­ri­ne öwür­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan giň ge­rim­li iş­ler do­wam et­di­ril­ýär. Ýa­kyn­da eli­mi­ze gow­şan “Ar­ka­da­gyň ajap eý­ýa­my” at­ly ki­tap­da 2009 – 2015-nji ýyl­lar­da ýur­du­myz­da iri sag­ly­gy go­ra­ýyş eda­ra­la­ry­nyň 43-si­niň ula­nyl­ma­ga ber­len­di­gi bel­le­nil­ýär. Şu ýyl­lar ara­ly­gyn­da ýurt­da 157 sport mek­dep­le­ri­niň we des­ga­la­ryň gur­lan­dy­gy ba­ra­da­ky mag­lu­mat döw­le­ti­miz ta­ra­pyn­dan bu ug­ra uly ma­ýa go­ýum­la­ry­nyň gö­nük­di­ril­ýän­di­gi­ni gör­kez­ýär. Ýur­du­myz­da dür­li ýo­kanç ke­sel­le­riň öňi alyn­dy we bir­nä­çe ke­sel­ler düý­bün­den ýok edil­di. Ça­ga­lar­da 11 ke­se­le gar­şy ýo­ka­ry hil­li wak­si­na­lar bi­len öňü­ni alyş san­jym­la­ry mugt ge­çi­ril­ýär. Ça­ga­la­ry ene süý­di bi­len iý­mit­len­dir­me­giň 10 düz­gü­ni­ni üs­tün­lik­li dur­mu­şa or­naş­dy­ran be­je­riş-öňü­ni alyş eda­ra­la­ry­nyň äh­li­si di­ýen ýa­ly Bü­tin­dün­ýä Sag­ly­gy Go­ra­ýyş Gu­ra­ma­sy­nyň “Ça­ga­la­ra mä­hir­li ga­ra­ýyş has­sa­ha­na­sy” di­ýen ýo­ka­ry de­re­jä eýe bol­dy.
Döw­le­ti­miz bu mö­hüm ugur­da ýö­ri­te­leş­di­ri­len iri hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry we ab­raý­ly dü­züm­le­ri, şol san­da Bü­tin­dün­ýä Sag­ly­gy Go­ra­ýyş Gu­ra­ma­sy hem-de Ça­ga­lar gaz­na­sy (ÝU­NI­SEF) bi­len ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gyň ýo­la go­ýul­ma­gy­na uly üns ber­ýär. Bu öza­ra gat­na­şyk­la­ryň ne­ti­je­sin­de ýur­du­my­za äh­mi­ýet­li hal­ka­ra gü­wä­na­ma­la­ry gow­şu­ryl­dy. Olar ýur­du­myz­da dra­kun­kul­ýoz, po­lio­mie­lit hem-de gyz­zyr­ma ýa­ly ke­sel­le­riň do­ly ýok edi­len­di­gi­ni, şeý­le hem unuň de­mir we fo­liý kis­lo­ta­sy bi­len baý­laş­dy­ry­lan­dy­gy­ny, du­zuň ýod­laş­dy­ry­lan­dy­gy­ny do­ly tas­syk­la­ýar. Bu mö­hüm res­mi­na­ma­lar hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş we sag­lyk ýag­da­ýy­ny go­wu­lan­dyr­mak, mil­li sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­ny has-da kä­mil­leş­dir­mek ug­run­da­ky ta­gal­la­la­ry­my­zy hal­ka­ra de­re­je­sin­de yk­rar ed­ýän aý­dyň su­but­na­ma­lar bo­lup dur­ýar.
Ýur­du­my­zyň sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty ul­ga­my­nyň ägirt uly müm­kin­çi­lik­le­ri bar. Bu ul­ga­myň müm­kin­çi­lik­le­ri­niň ýo­ka­ry de­re­je­de ula­nyl­ma­gy oňat ne­ti­je­le­ri ga­zan­ma­ga, ýur­du­myz­da yn­san sag­ly­gy­ny go­ra­ma­ga we ber­kit­mä­ge ýar­dam ber­ýär. Hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­myz­da luk­man­çy­ly­gyň dür­li ugur­la­ry bo­ýun­ça ke­sel­le­riň öňü­ni al­ma­gyň, anyk­la­ma­gyň we be­jer­me­giň, ke­sel­le­riň ýaý­ra­ma­gy­nyň öňü­ni al­ma­gy üp­jün et­me­giň yl­my usul­la­ry, iý­mit önüm­le­ri­niň howp­suz­ly­gy­nyň we hi­li­niň üp­jün edil­me­gi­niň hu­kuk, gu­ra­ma­çy­lyk we yk­dy­sa­dy esas­la­ry iş­le­nip taý­ýar­lan­dy hem-de olar hä­zir­ki dö­wür­de luk­man­çy­lyk tej­ri­be­si­ne giň­den or­naş­dy­ryl­ýar. Bu ugur­da der­man se­na­ga­ty­nyň tä­ze ugur­la­ry, howp­suz, ýo­ka­ry hil­li, bäs­le­şi­ge ukyp­ly, eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa ýer­li çig mal­lar­dan der­man hem-de beý­le­ki sag­ly­gy go­ra­ýyş se­riş­de­le­ri­niň önüm­çi­li­gi ýo­la go­ýul­dy. Aras­sa­la­nan agyz su­wu­ny ön­dü­ri­ji köp san­ly des­ga­lar işe gi­ri­zil­di.
Mil­li luk­man­çy­lyk yl­my we bi­li­mi tä­ze de­re­jä eýe bol­dy. 2010-njy ýyl­da Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let luk­man­çy­lyk uni­wer­si­te­ti dö­re­di­lip, onuň tä­ze bi­na­la­ry ulan­ma­ga be­ril­di. Bu uni­wer­si­te­tiň “Ýew­ro­pa hi­li” di­ýen hal­ka­ra sy­la­ga my­na­syp bol­ma­gy we Awi­sen­na di­rek­to­rat­ly­gy­nyň Bü­tin­dün­ýä mag­lu­mat­lar go­ru­na gi­ri­zil­me­gi buý­san­dy­ry­jy üs­tün­lik­ler­dir. Bu ýo­ka­ry okuw mek­de­bin­de luk­man­la­ryň hü­när kä­mil­leş­di­riş fa­kul­te­ti açyl­dy. BSGG, ÝU­NI­SEF we hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry bi­len hyz­mat­daş­lyk­da luk­man­la­ry­myz dün­ýä­niň ösen döw­let­le­ri­ne tej­ri­be we hü­när kä­mil­leş­di­riş okuw sa­par­la­ry­na ibe­ril­ýär. Luk­man­çy­lyk ylym­la­ry­nyň dok­to­ry hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň sag­lyk tag­ly­ma­ty­nyň esa­sy­ny düz­ýän “Türk­me­nis­tan­da sag­ly­gy go­raý­şy ös­dür­me­giň yl­my esas­la­ry” at­ly mo­nog­ra­fi­ýa­sy, “Türk­me­nis­tan – sag­dyn­ly­gyň we ru­hu­be­lent­li­giň ýur­dy”, “Türk­me­nis­tan – mel­hem­ler me­ka­ny” at­ly yl­my ki­tap­la­ry, “Türk­me­nis­ta­nyň der­man­lyk ösüm­lik­le­ri” at­ly köp jilt­li ki­tap­la­ry dün­ýä dil­le­ri­niň on­lar­ça­sy­na ter­ji­me edi­lip, luk­man­çy­lyk yl­my­nyň ös­me­gi­ne uly go­şant goş­ýar.
Biz hal­ky­my­zyň sag­ly­gy­ny go­ra­mak we ber­kit­mek, ra­ýat­la­ry­my­zyň öm­rü­ni uzalt­mak ba­ra­da he­mi­şe ala­da ed­ýän Ar­ka­dag Pre­zi­den­ti­mi­ze berk jan sag­lyk, uzak ömür, asyl­ly iş­le­rin­de uly üs­tün­lik­ler ar­zuw ed­ýä­ris!

Aý­sol­tan An­na­gur­ba­no­wa,
Aş­ga­bat şä­he­ri­ndäki 8-nji Sag­lyk
öýü­niň şe­pa­gat uýa­sy.