Arkadag şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda «Arkadagyň säheri» atly kinofestiwaly geçirmäge taýýarlyk görülýär.
Hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan döredijilikli syýasaty netijesinde ýurdumyzda kinematografiýa işiniň kämilleşdirilmegi, täze filmleriň döredilmegi we köpçülige görkezilmegi, bu ugurda dürli çäreleriň guralmagy, Türkmenistanyň wekilleriniň halkara kinofestiwallara gatnaşmagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär.
Şu ýylyň 14-15-nji oktýabrynda geçirilmegi meýilleşdirilýän kinofestiwalyň esasy maksady ýaş zehinleri ýüze çykarmakdan, türkmen kino sungatyny ösdürmekden, ösüp gelýän ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekden, dünýä jemgyýetçiligini sanly ulgamyň mümkinçilikleri we iň häzirki zaman tehnologiýalar ornaşdyrylan Arkadag şäheri bilen tanyşdyrmakdan, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmekden ybaratdyr.
Bu barada 16-njy sentýabrda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa hasabat berdi.