Angliýanyň “Premier Ligasynda” awgust aýynyň öňe saýlananlary mälim edildi. 4 oýunda 10 utuk toplan “Tottenham” topary goşa baýrak gazandy. Londonlylaryň täze transferi Jeýms Maddison awgust aýynyň iň ökde oýunçysy diýlip saýlandy. 3 oýunda 2 goluň pasyny beren Maddioson beýleki klublaryň oýunçylary Taiwo Awoniýi, Jarrod Bowen, Braýan Mbeumo, Kaoru Mitoma hem-de Rodri dagyny yzda galdyrdy. Maddison tomusda “Lester Sitiden” transfer bolupdy.

Şeýle-de, Enj Postekoglu awgust aýynyň iň ökde tälimçisi diýlip saýlandy. Topar onuň ýolbaşçylygynda ýeňlişsiz, 10 utuk bilen “Mançester Sitiden” soň 2-nji ýerde barýar.