Täze toplanan maglumata görä, dünýädäki ähli adam jemgyýetçilik torlaryna her günde jemi 10 milliard sagadyny sarp edýär. Bu barada “Mobil aragatnaşyk pudagy 2023” atly maglumatnamada aýdylýar. Maglumatlara görä, dünýäde 6 milliard 925 million adam smartfondan peýdalanýar. Birleşen Milletler Guramasynyň maglumatyna görä bolsa, şu ýylyň iýulynda dünýä ilaty 8,05 milliarddan geçdi. Bu bolsa, adamlaryň 86 göteriminiň internetden peýdalanýandygyny görkezýär. 2016-njy ýylda 3 milliard 668 million adamda “akylly” telefon bar eken. 2026-njy ýyla çenli bu görkezijiniň 7,52 milliarda ýetmegine garaşylýar. Dünýäde ösen 10 ýurduň ilatynyň 73,47 göteriminde smartfon bar. Koreýa Respublikasynyň ilatynyň 94 göteriminde “akylly” telefon bolup, bu ugurda dünýäde öňdeligi eýeleýär.
Sanly ulgamyň ösmegi bilen dürli mobil goşundylar, oýunlar we ekranly enjamlarda güýmenmäge degişli täze tehnologiýalar peýda boldy. Şolaryň biri hem jemgyýetçilik torlary hasaplanýar. Ýer ýüzünde jemgyýetçilik torlarynyň ulanyjylarynyň sany 4,8 milliarddan geçýär. Maglumatlara görä, dünýä ilatynyň 75 göteriminden gowragy jemgyýetçilik torlaryndan peýdalanýar. Soňky bir ýylda jemgyýetçilik torlarynyň işjeň ulanyjylarynyň sany 4,2 göterim artyp, 190 milliona köpelipdir. Bu bolsa sekuntda ortaça 6 täze ulanyjynyň jemgyýetçilik toruna goşulandygyny görkezýär. Adatça her bir ulanyjy her gün 2,5 sagadyny bu platformalarda geçirýär. Bu bolsa, dünýäde her gün jemi 10 milliard sagatdan gowrak wagtyň jemgyýetçilik torlarynda geçirilýändigini görkezýär.
5G tory ýaýraýar
Maglumatda 5G tehnologiýasynyň dünýä ýüzünde ýaýbaňlanýandygy bellenilýär. ABŞ we Hytaý 5G senagatyny ösdürmek üçin has köp maýa goýum goýberýär. Koreýa Respublikasy we Ýaponiýa ýaly ýurtlarda hem bu tehnologiýa ösdürilýär. Ýaponiýada 5G enjamlarynyň sany 2026-njy ýyla çenli 4G enjamlarynyňkydan geçmegine garaşylýar.
Esasy Ylym we Tehnologiýa Her gün 10 milliard sagat jemgyýetçilik torunda geçýär, Siz internete näçe wagtyňyzy...