Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagy netijesinde ýurdumyzda ulaglaryň sany barha artýar. Bu bolsa ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek meselesine has-da jogapkärçilikli çemeleşmegi talap edýär. Şu nukdaýnazardan, her ýylyň sentýabr aýynda ýurdumyzda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk geçirilýär.
Biz günde ýol hereketine pyýada, ýolagçy, sürüji hökmünde gatnaşýarys. Ýurdumyzda ulaglaryň sanynyň artmagy, köçelerde hereketiň depgininiň güýçlenmegi bilen, ýol hereketine gatnaşyjylara bildirilýän talaplar hem ýokarlanýar. Howpsuz hereketi üpjün etmekde, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almakda ýol hereketine gatnaşyjylar bolan pyýadalaryň, ýolagçylaryň we sürüjileriň hereketiniň sazlaşykly bolmagy hökmandyr.
Ýol hereketiniň kadalarynyň talaplaryny berjaý etmäge diňe bir sürüjiler borçly bolman, eýsem, pyýadalar we ýolagçylar hem borçludyrlar. Sebäbi ýol hereketiniň howpsuzlygy biziň her birimize baglydyr.
Täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen, köçelerde we ýollarda hereket edýän pyýadalaryň sany artýar.
Pyýada ulagdan daşarda bolan we pyýada hereket edip, ýol hereketine gatnaşýan adamdyr.
Köçelerde we ýollarda hereket edenlerinde pyýadalaryň öz berjaý etmeli borçlary bar. Her bir pyýada öz borjuny talabalaýyk berjaý etse, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmäge saldamly goşantdyr.
Pyýadalar ýanýodalardan ýa-da ýodajyklardan ýöremelidirler.
Çagalaryň toparlaryny diňe ýanýodalardan we pyýada ýodajyklardan, olaryň ýok ýerinde ýolýakalardan hem, ýöne howanyň ýagty wagtynda we diňe uly adamlaryň ýanynda bolmagynda alyp gitmäge rugsat edilýär.
Pyýadalar ýoluň gatnaw bölegini pyýada geçelgelerinden, şol sanda, ýerasty we ýerüsti geçelgelerden, olaryň ýok ýerinde bolsa çatryklarda ýanýodalaryň ýa-da ýolýakalaryň ugrunyň dowamy boýunça kesip geçmelidirler.
Hereketiň düzgünleşdirilýän ýerlerinde pyýadalar düzgünleşdirijiniň ýa-da pyýada ýol yşygynyň, onuň ýok ýerinde bolsa, ulag ýol yşygynyň duýdurmalaryndan ugur almalydyrlar.
Awtobuslara we taksilere diňe ýoluň gatnaw böleginden sähelçe galdyrylyp gurnalan mündiriş meýdançalarynda, ýagny awtobus duralgalarynda, olaryň ýok ýerlerinde bolsa, ýanýodada ýa-da ýolýakada garaşmaga rugsat edilýär. Sähelçe galdyrylyp gurnalan mündiriş meýdançalary bilen enjamlaşdyrylmadyk duralgalarda ulaga münmek üçin gatnaw bölegine diňe ol durandan soňra çykmaga rugsat edilýär. Ulagdan düşülenden soňra, eglenmän ýoluň gatnaw bölegini boşatmak zerurdyr. Bu ýönekeýje talaplary pyýadalaryň we ýolagçylaryň ählisi berjaý etseler, onda ýol-ulag hadysalarynyň sany has-da azalar.
Hormatly ýol hereketine gatnaşyjylar! Siziň howpsuzlygyňyz we sizi gurşap alýan adamlaryň howpsuzlygy, köçelerde we ýollarda özüňizi alyp barşyňyza, howpsuz hereket etmegiň kadalaryny berjaý edişiňize baglydygyny unutmaň! Ýol hereketiniň howpsuzlygy ömrümiziň rahatlygydyr!
Gapurow Begenç, Mary welaýatynyň Baýramaly etrap polisiýa bölüminiň müdiriniň dolandyryş işleri boýunça kömekçisi polisiýanyň kapitany.