Teh­no­lo­gi­ýa­nyň hä­zir­ki ösen döw­rün­de te­le­fon­lar di­ňe jaň et­mek ýa-da ha­bar­laş­mak üçin däl-de, eý­sem ki­tap ýa-da dö­wür­le­ýin ne­şir­le­ri oka­mak, su­rat­lar bi­len iş­le­mek, oýun oý­na­mak we beý­le­ki dür­li mak­sat­lar üçin peý­da­la­nyl­ýar. El te­le­fon­la­ryn­da oýun­lar bu en­jam­la­ryň peý­da bo­lan il­kin­ji ýyl­la­ryn­dan bä­ri di­ýen ýa­ly bar. Il­ki­baş­da ki­çi­jik ak-ga­ra ek­ran­ly ýo­ne­keý el te­le­fon­la­ryn­da has aň­sat oýun­lar, su­do­ku ýa­ly ze­hin sy­na­gy­ny ta­lap ed­ýän tap­ma­ça­lar bar­dy. Em­ma hä­zir­ki wagt­da te­le­fon­la­ryň ek­ran­la­ry has uly, reňk­li, ýo­ka­ry du­ru­lyk­da bo­lup, has köp funk­si­ýa­ny ýe­ri­ne ýe­ti­rip bol­ýar. Şeý­le bo­lan­soň el te­le­fon­la­ry üçin has kä­mil üns­lü­lik, çak­gan­lyk, lo­gi­ki pi­kir­len­mek ýa­ly ukyp­la­ry ta­lap ed­ýär. Şeý­le hem te­le­fon­la­ry­na 80-nji ýyl­lar­da peý­da bo­lan, tet­ris ýa­ly oýun en­jam­la­ryn­da­ky ýa-da wi­deoo­ýun­la­ryn­da­ky nus­ga­la­ry hem or­naş­dy­ryl­dy. Smart­fon ýa-da mo­bil en­jam­lar­da we beý­le­ki ýö­ri­te en­jam­lar­da oý­nal­ýan oýun­lar hä­zir­ki wagt­da uly gir­de­ji­li pu­da­gy eme­le ge­tir­di. Bu ugur­da müň­ler­çe hü­när­men zäh­met çe­kip, tä­ze oýun­la­ry taý­ýar­la­ýar. Bu pu­da­gyň gir­de­ji taý­dan ulu­ly­gy, aý­dym-saz we ki­no se­na­ga­ty­ny go­şan­da­ky­dan hem köp­dür. Mo­bil en­jam­lar­da oýun oý­na­ýan­lar ba­ra­da ge­çi­ri­len mag­lu­mat­la­ra gö­rä, 16-64 ýaş ara­ly­gyn­da­ky ila­tyň 57 gö­te­ri­mi­niň dür­li en­jam­lar­da oýun oý­na­ýan­dy­gy ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Bu­la­ryň 59 gö­te­ri­mi­ni er­kek adam­lar, 41 gö­te­ri­mi­ni aýal-gyz­lar düz­ýär. Ze­nan­la­ryň ara­syn­da 25-34 ýaş ara­ly­gyn­da­ky­la­ryň has köp mo­bil oýun­la­ry oý­na­ýan­dy­gy anyk­lan­dy. Şeý­le bo­lan­soň, san­ly oýun­la­ry iş­läp taý­ýar­la­mak, kä­mil­leş­dir­mek üçin has köp hü­när­me­ne ze­rur­lyk duý­lup, has ge­rek­li kär­le­riň ha­ta­ry­na go­şul­ýar.
Şeý­le hem hä­zir­ki wagt­da di­ňe güý­men­je pu­da­gyn­da däl, mo­bil oýun­lar okuw, tä­lim, sport, şä­he­ri me­ýil­na­ma­laş­dyr­mak ýa­ly ugur­la­ra hem öz go­şan­dy­ny goş­ýar. Oýun oý­na­mak üçin ula­ny­jy­lar, esa­san, smart­fon­lar we plan­şet­ler ýa­ly mo­bil en­jam­lar­dan we komp­ýu­ter­den peý­da­lan­ýar­lar. Komp­ýu­ter­le­riň, ýan komp­ýu­ter­le­riň we mo­ni­tor­la­ryň hat­da el te­le­fon­la­ryň ýö­ri­te oýun oý­na­ma­ga ni­ýet­le­nen gör­nüş­le­ri hem bar.
Bu oýun­la­ryň di­zaý­ner­le­ri öz kär­deş­le­ri we prog­ram­ma­çy­lar bi­len bi­le­lik­de iş­läp, san­ly oý­nuň ýer­le­şi­şi­ni, lo­gi­ka­sy­ny we oý­na­ly­şy­ny taý­ýar­la­ýar­lar hem-de san­ly oýun­la­ry dö­red­ýär­ler.
Bar­ha uly is­leg­den peý­da­lan­ýan san­ly oýun se­na­ga­tyn­da, ani­ma­si­ýa taý­ýar­la­mak­da tej­ri­be­si bo­lan, hy­ýa­ly we art­dy­ry­lan ha­ky­kat hü­när­men­le­ri­ne we oýun di­zaý­ner­le­ri­ne ze­rur­lyk du­ýul­ýar.
Şe­ki­li ba­bat­da ula­ny­jy­la­ryň ün­sü­ni çek­jek oýun­la­ry dö­red­ýän di­zaý­ner­ler oýun gah­ry­man­la­ry­ny, san­ly dün­ýä­ni we bir-bi­ri bi­len bag­la­ny­şyk­ly bo­lan he­ka­ýat­la­ry dö­ret­mek üçin gra­fi­ki di­zaýn hü­när­me­ni we prog­ram­mir­le­me­den peý­da­lan­ýar­lar. Şeý­le hem şow­ly ne­ti­je ber­jek oýun dö­ret­mek üçin maz­mun ýa­zy­jy­lar­dan, ani­ma­tor­lar­dan yba­rat to­par bi­len iş­leş­ýär. Mun­dan baş­ga-da oý­nuň ma­ha­ba­ty­ny et­mek üçin mar­ke­ting bi­ler­men­le­ri bi­len bi­le­lik­de iş­le­ýär­ler.
Adat­ça san­ly oýun­lar dört en­jam­da oý­nal­ýar – kon­sol, mo­bil en­jam­lar, komp­ýu­ter we on­laýn (in­ter­net ar­ka­ly).
San­ly oýun di­zaý­ne­ri gy­zyk­ly we ýat­da ga­ly­jy oýun dö­ret­mek üçin kä­mil­leş­di­ri­lip bi­lin­ýän, oý­na­ma­gy ýe­ňil oýun­lar dö­red­ýär­ler. Mu­nuň üçin il­ki oý­nuň nus­ga­sy dö­re­dil­ýär.
San­ly oýun­lar taý­ýar­la­nan hü­när­me­niň hy­ýa­ly pi­kir­le­ni­şi, dö­re­di­ji­lik uky­by güýç­li bol­ma­ly. Adam­la­ryň gy­zyk­la­nyp bil­jek zat­la­ry­ny bil­me­li.
San­ly oýun­lar­da he­ka­ýa­tyň do­wam­ly­ly­gy, sah­na­nyň en­jam­laş­dy­ry­ly­şy, ula­nyl­ýan gu­ral­lar we gah­ry­ma­nyň in­ter­feý­si örän äh­mi­ýet­li­dir. Her bir oýun di­zaýn edi­len­de onuň her bir ele­men­ti­ni ji­me-jik ýa­sa­ma­ly. Oýun dö­re­di­len­de her bir edi­len iş beý­le­ki hü­när­men­ler bi­len mas­la­hat­la­şy­lyp, ra­zy­la­şy­lyp ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­li.
Oýun ta­ýyn­lan­ma­ga baş­la­maz­dan ozal, şol oý­ny oý­na­jak au­di­to­ri­ýa, ýag­ny oý­na­jak adam­lar ba­ra­da gi­ňiş­le­ýin mag­lu­mat top­la­ma­ly.
Oýun di­zaý­ne­ri bol­mak üçin haý­sy­dyr bir ugur­dan ýo­ka­ry bi­lim ha­kyn­da­ky dip­lo­myň bol­ma­gy­na ze­rur­lyk ýok. Şeý­le-de bol­sa, san­ly oýun di­zaý­ner­le­ri adat­ça bu ugur­dan okuw­ly we tej­ri­be­li bol­ýar­lar. Mun­dan baş­ga-da san­ly oýun dö­ret­mek is­le­ýän­ler üçin ýö­ri­te okuw­lar bol­ýar.

Ak­meň­li Per­ma­no­wa, Türk­me­nis­ta­nyň Oguz han adyn­da­ky In­že­ner-teh­no­lo­gi­ýa­lar uni­wer­si­te­ti­niň mu­gal­ly­my.