2014-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Hindistanyň ugradan “Mangalyaan” atly kosmos gämisi Gyzyl planetanyň orbitasyna ýerleşdi. Şeýlelikde, Hindistan Aziýa ýurtlarynyň arasynda Marsa kosmos enjamyny ugradan ilkinji ýurt, bu synanyşygy birinji gezekde şowly tamamlanan ilkinji ýurt boldy. Şeýle hem bu taslama dünýäniň iň arzan planetara missiýasy boldy. Taslamanyň bahasynyň 74 million dollardygy mälim edildi. Ondan öň Sowet Soýuzy, Amerika we Ýewropa ýurtlary Marsa kosmos gämisini ugradypdy. Emeli hemra Gyzyl planetada metan gazyny gözlemek hem-de onuň mineral gurluşyny barlamak üçin işlenip taýýarlandy.