Golaýda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Miras» modeller öýüniň web sahypasy açyldy. Ýurdumyzda öndürilen matalardan dokma önümlerini hödürleýän modeller öýüniň döredilenine şu ýyl 24 ýyl dolýar. Indi her ýyl Garaşsyzlyk baýramyna bagyşlanan sergide «Miras» modeller öýüniň täze lybaslarynyň tanyşdyrylyşy däbe öwrüldi. Ene-atalarymyzdan şu günlere çenli saklanyp galan baý mirasymyzy gorap saklamagy we olaryň esasynda iň gowy häzirki zaman önümlerini döretmegi maksat edinýän modelleriň öýüniň taýýarlaýan egin-eşiklerinde milli nagyşlara aýratyn üns berilýär.
Aslynda, Modeller öýi Türkmenistan SSR-niň Halk hojalyk geňeşiniň 1961-nji ýylyň 20-nji martyndaky Kararyna laýyklykda guruldy. Şol ýylyň 1-nji iýunyndan işgär sany köpeldilip, önümçilik wezipelerine girişilýär. Şondan soňra Modeller öýüniň alyp barýan işi has hem giňäp, ýokary derejelere ýetýär.
1999-njy ýylyň noýabr aýynda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Modeller öýi döredilýär. Ol döwlet edarasy bolup, ýurdumyzda egin-eşikleri modelirlemek we taýýarlamak babatda milli, dünýä tejribesini utgaşdyrýar.
Aşgabat Modeller öýünde döwrebap erkek, zenan we çaga egin-eşikleri, şeýle hem aksesuarlary öndürilýär. Häzirki wagtda bu önümlere bolan isleg has artýar. Kärhananyň işleriniň görnüşleri deriden öndürilen egin-eşiklerden, beýleki daşky eşiklerden, kellä geýilýän başgaplardan we ş.m. ybaratdyr. Şeýle hem trikotaž, tüýli deri we bagana önümçiligi ýola goýlan. Bu ýerde sowgatlyk önümler we saçaklar hem taýýarlanýar.