Nýu-Ýorkda geçirilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisiniň çäginde Merkezi Aziýa-ABŞ görnüşindäki ilkinji sammit geçirildi. Sammitden soň bilelikdäki beýanat kabul edildi. Ak tamyň metbugat gullugy Merkezi Aziýanyň we ABŞ-nyň ýolbaşçylarynyň bilelikdäki beýanatyny çap etdi.
“Merkezi Aziýa we ABŞ ýurtlary hyzmatdaşlygy çaltlaşdyrmagy maksat edinip, yzygiderli gepleşikler arkaly hyzmatdaşlygy, sebit howpsuzlygyny we durnukly ösüşi berkitmäge tagalla edýär” diýlip, Nýu-Ýorkda geçirilen ilkinji Merkezi Aziýa-ABŞ (C5+1) sammitinden soň ýaýradylan bilelikdäki beýanatda aýdylýar.
“C5+1 formatda hyzmatdaşlygyň täze ugruny ykrar edýäris, onuň ähmiýetini tassyklap, yzygiderli gepleşikler we bilelikdäki hereketler arkaly hyzmatdaşlygy, sebit howpsuzlygyny we durnukly ösüşi berkitmäge borçlanýarys. Bu sammitiň dowamynda kabul edilen borçnamalar has durnukly, howpsuz we gülläp ösýän Merkezi Aziýanyň umumy garaýşyna esaslanýar” diýlip beýanatda bellenilýär.
Döwlet Baştutanlary 2015-nji ýylda geçirilen ilkinji C5+1 ministrler ýygnagyndan bäri gazanylan möhüm öňegidişlige ýokary baha berip, özara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy dowam etdirýärler we sebitdäki kynçylyklary hem-de ýüze çykýan howplary aradan aýyrmak maksady bilen durnukly hyzmatdaşlygy göz öňünde tutýarlar.
“Biz bilelikde global meselelere sebitleýin çözgütleri tapmagy maksat edinýäris. Bilelikde Merkezi Aziýada howpsuzlygy berkidýän, ykdysady durnuklylygy ýokarlandyrýan, durnukly ösüşi goldaýan, howanyň üýtgemegine garşy göreşýän we parahatçylygy ösdürýän çärelere ygrarlydygymyzy tassyklaýarys” diýlip, resminamada bellenilýär.
Howpsuzlyk babatdaky hyzmatdaşlyk umumy sebitleýin howpsuzlyk meselelerini çözmek we Merkezi Aziýa döwletleriniň özygtyýarlylygyny we garaşsyzlygyny goramak üçin düýp esas bolup durýar. Taraplar goranmak, hukuk meselelerinde we terrorçylyga garşy göreşde hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga tagalla edýändiklerini tassykladylar.
Sebitiň Liderleri ABŞ-nyň “howpsuzlyk hyzmatdaşlygyny goldamak we berkitmek maksady bilen howpsuzlyk babatdaky kömek gurallaryna we beýleki çeşmelerine birinji nobatda ünsi gönükdirmek” baradaky meýlini makulladylar. Prezidentler ABŞ-nyň hususy pudaklarynyň Merkezi Aziýada söwda we maýa goýumlary üçin has amatly işewür gurşawy döretmek ugrundaky tagallalary öňe sürmäge taýýardyklaryny aýtdylar.
Taraplar alternatiw söwda ýollaryny giňeltmek we ABŞ bilen Merkezi Aziýanyň kärhanalarynyň arasynda täze aragatnaşyklary ýeňilleşdirmek üçin möhüm ädimler ätmekçi. “Merkezi Aziýa ýurtlary ozalky ýaly täze energiýa eksport ugurlaryny diwersifikasiýa etmek we giňeltmek hem-de dünýä bazarlaryny ygtybarly üpjün etmek maksady bilen sebit energiýa ulgamlaryny birleşdirmäge ygrarlydyr” diýlip resminamada bellenilýär.
“C5+1 şeýle-de “USAID Power Central Asia” ýaly maksatnamalarynyň üsti bilen ABŞ we Merkezi Aziýa döwletleri sebitdäki arassa energiýa söwdasynyň ykdysady peýdalaryny alar.
“Ösýän global arassa energiýa zerurlyklaryny kanagatlandyrmak, şol sanda, dünýäni ygtybarly ýadro ýangyjy bilen üpjün etmek arkaly mümkinçilikleri ösdürmek üçin hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagy maksat edinýäris” diýlip, beýanatda aýdylýar.
“Ekologiýa taýdan arassa energiýa we beýleki tehnologiýalar üçin zerur bolan möhüm minerallara isleg ýakyn onýyllykda ep-esli artar” diýlip bellenilýär. Merkezi Aziýanyň mineral baýlygyny has-da özleşdirmek üçin taraplar möhüm mineral baýlyklary barada C5+1 gepleşikini ýola goýarlar. Şeýlelik bilen, taraplar gazylyp alynýan peýdaly magdanlar boýunça meseleler we mümkinçilikler barada maglumatlary paýlaşyp, döwlet we hususy pudaklaryň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrarlar, maýa goýumlaryny höweslendirerler we möhüm mineral üpjünçilik zynjyrlarynda hyzmatdaşlyk ederler.