Okamak, täze zatlary öwrenmek we dünýäni bilesigelijilik bilen synlamak beýniniň ösüşi üçin möhümdir. Akyl taýdan kämilleşmek we aňy ösdürmek üçin kitaplary, çeper eserleri köp okamaly. Dünýäniň beýleki ýurtlaryna gaýybana syýahat etmeli. Olaryň medeniýeti, däp-dessurlary bilen tanyşmaly. Daşary ýurt dillerini öwrenmek hem beýnini güýçlendirmekde iň gowy usullaryň biridir. Mähriban çagalar, gazetimiziň şu sanynda beýniniň işjeňligini artdyrmak we aňy ösdürmek bilen baglanyşykly gyzykly maglumatlary size ýetirýäris.
Oýunlar bilen meşgullanmak. Oýun beýniniň ösüşini çaltlandyrýar. Pikirlenmek ukybyny ösdürýär. Esasan hem, akyl we pikirlenmegi talap edýän oýunlar has peýdalydyr. Muňa mysal edip, tapmaçalary, şaşka, küşt oýunlaryny, logiki yzygiderliligi talap edýän şekilli oýunlary, zehin soraglaryny görkezmek bolar. Hünärmenler oýun bilen meşgullanmagyň wagtyny her gün 15 minutdan 30 minuta çenli aralyk diýip belleýärler. Birnäçe sagatlap dürli oýunlara güýmenmegiň ýadatmagy mümkin. Şeýle hem kompýuterde ýa-da öýjükli telefonda oýnalýan oýunlary däl-de, hakyky oýunlary oýnamagyň has ähmiýetlidigi bellenilýär.
Pikirlenmek. Her gün bary-ýogy 10 minut asuda ýagdaýda pikirlenmek üçin wagtyňyzy sarp ediň! Pikirlenmek üçin iň gowy wagt ýatmazdan öň hasaplanýar. Pikirlenmek şu günki eden işleriňizi birme-bir aňyňyzdan geçirmekdir. Şeýle ýagdaýda beýniňiz rahatlanar we aňyňyz arassalanar. Sizde üstünlikleriňize guwanyp, goýberen ýalňyşlyklaryňyzy düzetmek üçin täzeçe pikirler dörär.
Kadaly iýmitlenmek. Gün tertibine görä, wagtly-wagtynda iýip-içmeklige üns beriň! Bu saglyk bilen bir hatarda beýniniň ösüşi üçin hem möhümdir. Balyk, hoz, zeýtun ýagy we gök önümler bilen iýmitlenmek beýniniň sagdynlygy üçin hökmanydyr. Şeýle hem her gün azyndan bir-iki miwe iýmeli.
Maşk. Ir bilen oýanmagyň kyndygyna garamazdan, wagtynda turmagy endik ediniň! Gün tertibini maşk etmekden başlaň! Maşk etmek myşsalaryň ösüşi üçin peýdaly bolup, bedeniň deňagramlylygyny saklamaga kömek edýär. Beýniniň işjeňligini güýçlendirip, pikiriňi bir ýere jemlemäge, şähdaçyk bolmaga ýardam edýär.
Täze zatlary öwrenmek. Mekdepde öwrenilýän bilim beýnidäki maglumatlaryň özenini emele getirýär. Beýnini täze zatlary öwrenmek arkaly yzygiderli kämilleşdirmeli. Kitap okamagy, hünär öwrenmegi, dil öwrenmegi muňa mysal hökmünde görkezip bolar. Mekdepde geçirilýän gurnaklara gatnaşmak arkaly el işlerini, şeýle hem saz çalmak, nahar bişirmek ýaly hünärleri öwrenip bilersiňiz. Täze zatlary öwrenmek beýniniň ösüşi üçin möhüm ädimleriň biridir.