Dünýä belli “Harry Potter” filmleriniň özboluşly, parasatly professory Albus Dambldoryň keşbi bilen adygan aktýor Maýkl Gambon 82 ýaşynyň içinde aradan çykdy. 1940-njy ýylyň 19-njy oktýabrynda Irlandiýanyň paýtagty Dublinde dünýä inen Maýkl Gambon 1962-nji ýylda başlan sungat ýolunda onlarça spektakllarda, onlarça filmdir seriallarda dürli keşpleri janlandyrdy. Ol J.K. Rowlingiň “Harry Potter” kitaplary esasynda ekranlaşdyrylan 8 filmiň soňky 6-synda Albus Dambldoryň keşbinde surata düşdi (Ilkinji 2 filmde Riçard Harris janlandyrypdy, ol 2002-nji ýylda aradan çykdy).

2001-nji ýylda Ser nyşany berlen aktýor “Othella”, “The Insider”, “Gosford Park” “Amazing Grace”, “Quartet”, “Victoria & Abdul”, “King of Thieves” ýaly kinolarda dürli keşpleri ýerine ýetirdi.