Hytaýyň Uhan şäherinde täsin jemgyýetçilik ulagy işe girizildi. 12 milliondan gowrak ilaty bolan şäherde asma demir ýol ulgamy açyldy. Ýerden ýokarda hereket edýän demir ýoluň birinji şahasynyň uzynlygy 10,5 kilometre ýetýär. Şäheriň “Synag jülgesi” atly ylmy-tehniki zonasynda gurlan asma polat ýol dolulygyna awtomatlaşdyrylan usulda işläp, ony dolandyrmak üçin maşiniste zerurlyk duýulmaýar. Aşagynda otly wagonlary hereket edýän asma ýol ikitaraplaýyn bolup, bu hereketiň yzygiderli dowam etdirilmegine mümkinçilik berýär. Jemi 220 ýolagçy orunlyk otly sagatda 60 kilometr tizlik bilen hereket edýär. Otly ir sagat 8:00-den agşam 8:00-a çenli, 10 minut aralyk bilen hereket edýär. Bir biletiň bahasy 30 ýuan. Täsin ýerüsti demir ýol maý aýynda bäri synagdan geçirilýärdi.
Ýerden birnäçe metr ýokarda hereket edýän monorels otlularynyň adatça iki görnüşi bolup, olaryň birinde wagonlar demir ýoluň aşagyndan, asylyp duran görnüşde hereket edýär. Şeýle demir ýoly ilkinji gezek geçen asyryň başynda Germaniýada işe girizilýär.
Serdar Nurmuhammedow, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby.
PDF









