Gadymdan bäri dünýäniň käbir aşhanalarynda limonyň diňe özi däl-de, eýsem, ýapragy hem ulanylýar. Bu önüm lukmançylykda we kosmetologiýada öz mynasyp ornuny eýeläp, onuň saglyga uly peýdasynyň bardygy mälimdir. Limon ýapragy çaýa atylanda, ol özboluşly tagama, hoşboý ysa eýe bolýar. Limon ýapragynyň düzümindäki С witamini (askorbin kislotasy) onuň miwesiniň düzümindäkiden hem köpdür.
Şeýle hem onda A, B, P ýaly witaminler we hoşboý ys berýän efir ýagy bar. Ýapragynyň düzümindäki limon kislotasy adamyň işjeňligini artdyrýar. Gaýnadylan limon ýapragynyň suwy derini gurplandyrýar we belli bir derejede agardýar. Limonyň ýapragy bakteriýa, wirusa, sowuklama garşy bolup, ýaralary tiz bitirýär, bedeniň gorag ulgamyny ýokarlandyrýar, bagry işjeňleşdirýär, peşew çykaryjylygy artdyrýar. Limon ýapraklary bedeniň umumy ýagdaýyny gowulandyryp, ony kuwwata getirmäge, wiruslar we infeksiýa bilen üstünlikli göreşmäge-de ukyplydyr.